

Apple adaty ulanyjylara tehnikany abatlamak üçin niýetlenen programma elýeterliligi üpjün etdi
Apple kompaniýasy enjamlary özbaşdak abatlamak üçin niýetlenen Self Service Repair programmalary giňeltdi.


Apple kompaniýasy enjamlary özbaşdak abatlamak üçin niýetlenen Self Service Repair programmalary giňeltdi.


12-nji dekabrda – Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygynyň baýram edilýän gününde Moskwanyň Milletler öýünde Russiýada ýaşaýan we okaýan türkmenleriň dabaraly duşuşygy geçirildi.


Türkmenistanda penşenbe güni, 14-nji dekabrda türkmen ykdysadyýetiniň öňdebaryjy pudagy bolan ýangyç-energiýa toplumynyň işgärleriniň hormatyna baýramçylyk çäreleri geçirildi. Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleri güni ýurduň ähli welaýatlarynda we Aşgabatda bellendi. Paýtagtyň nebitgaz toplumynyň binasynda hökümet agzalarynyň, ýurduň ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylarynyň we köp görnüşli önümçilik edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda dabaraly ýygnak geçirildi.


XI Türkmen-german lukmançylyk forumy sanly ulgam arkaly gurnalyp - iki ýurtdan bolan kärdeşleriň duşuşygy 14-15-nji dekabr aralygynda uzak aralykdan geçirilýär.


14-15-nji dekabr aralygynda Maryda Türkmenistanyň we Eýranyň amaly-haşam we mozaika sungatynyň sergisi geçirilýär. Sergi welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde gurnalyp, onuň açylyş dabarasyna Eýranyň ilçihanasynyň we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar. Medeni çärä iki ýurduň halk senetçilik ussatlary, açylyş dabarasynda milli sazlar bilen gatnaşan sazandalar we aýdymçylar gatnaşýarlar.


ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) “Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa” maksatnamasynyň, BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýatçylyga garşy göreşmek boýunça guramasynyň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň guramagynda 14-15-nji dekabrda adam söwdasyna, öý we gender zorluklaryna hem-de neşe serişdelerine garşy göreşmek meseleleri boýunça iki günlük okuw seminary geçirildi.


14-nji dekabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň “Dialog-parahatçylygyň kepili” atly halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabada gelen, BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) gender meseleleri boýunça geňeşçisi Leýla Şarafi bilen duşuşygy geçirildi.


“Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum 2024” atly 15-nji gezek geçiriljek halkara ykdysady foruma gatnaşýanlary bellige almak işi badalga aldy. Bu maslahat geljek ýylyň 14 – 19-njy maýynda Kazan şäherinde geçiriler.


13-nji dekabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda içerki we daşarky bazara nebithimiýa, ýeňil senagatyň önümleri we türkmen el halylary ýerlenildi.


Indiki ýylyň 1-nji martyna çenli Belarus tokaýlarynyň 100 göterimini wideogözegçilik ulgamy bilen gurşap alar. Bu barada ýurduň tokay hojalygy ministri Aleksandr Kulik habar berdi.


“Dünýäde energiýa serişdeleriniň gorlary boýunça öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz käniniň ýurdumyz üçin örän uly syýasy we ykdysady ähmiýeti bar” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli iberen Gutlagynda belleýär.


Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň baş binasynyň, merkezi ylmy kitaphanasynyň, “Ylym” neşirýatynyň desgalarynda abatlaýyş işleri geçiriler. Bu boýunça degişli bäsleşik türkmen metbugatynda çap edildi.


Döwlet eksporty höweslendirmek we goldaw syýasatlary kärhanalara önümlerini we hyzmatlaryny daşary ýurt bazarlaryna eksport etmek üçin niýetlenendir. Bu syýasat dürli görnüşleri öz içine alyp biler.


USAID-iň Merkezi Aziýa Söwda Maksatnamasy ORIENT habarlar agentligi bilen bilelikdäki «Eksport ekoulgamy ösdürmek başlangyjy» atly rubrikasynyň işiniň çäginde biz «Burkut» konditer fabriginde saparda bolduk. Biziň bu gezekki söhbetdeşimiz konditer önümleri kärhanasynyň direktory Hudaýberdiýew Azatgeldi Dörtgulyýewiç özüniň eksport tejribesini biz bilen paýlaşdy.


Çançunyň buz we gar festiwaly ilkinji gezek 1998-nji ýylda geçirilip, ol ýurduň iň iri gyşky baýramlarynyň biri hökmünde köp sanly jahankeşdeleri özüne çekýär.