Gazagystanyň we Türkmenistanyň telekeçileri 2024-nji ýylda işewürlik forumyny geçirer


Dekabr aýynda Gazagystanyň işewürlik wekiliýeti bu ýylda ikinji gezek Türkmenistana geldi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň telekeçileriniň arasyndaky bilelikdäki işewürlik forumlaryny we beýleki çäreleri geçirmek ýaly hyzmatdaşlygy güýçlendirmek boýunça birnäçe işleri beýan etdiler.
“Gazagystan Respublikasyndaky Türkmenistanyň ilçihanasynyň goldawy bilen “Astana” Diplomatik kluby tarapyndan gurnalan işewürlik saparynyň dört iş gününde wekiliýetiň agzalary Aşgabat, Mary, Arkadag we Türkmenbaşy şäherlerine baryp gördüler, türkmen kärhanalarynyň mümkinçilikleri bilen tanyşyp, gazak işewürliginiň mümkinçiliklerini hödürlediler şeýle-de hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny bellemek bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada ylalaşdylar”-diýip, “Uly Aziýa” habar berýär.
Işewürlik saparynyň başlanan Mary şäherinde Gazagystanyň wekilleri şöhlat, konditer we süýt önümlerini öndürýän kärhanalara, şeýle hem ýerli çig maldan aýakgap öndürýän kärhana baryp gördüler. Şeýle-de gazak telekeçileri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Mary welaýat bölüminiň wekilleri bilen ulag, logistika we oba hojalygy pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Işewürlik saparynyň indiki nokady bolan Aşgabatda TSTB-de netijeli duşuşyklar geçirildi. Türkmen tarapy ýerli kärhanalaryň mümkinçilikleri barada gürrüň berdi we Gazagystanyň kompaniýalarynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdy. Taraplar bilim, maglumat tehnologiýasy, oba hojalygy we bagbançylykda damjalaýyn suwaryş ugurlaryny goşmak bilen bu hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny tassykladylar. Duşuşyga gatnaşyjylar geljek ýyl Gazagystanyň işewürleriniň gatnaşmagynda Aşgabatda işewürlik forumyny guramak barada hem ylalaşdylar. Awaza milli syýahatçylyk zolagynda sebitara işewürlik forumyny we sergini geçirmek teklibi hem göz öňünde tutuldy.
Gazagystandan gelen myhmanlar innowasiýa tehnologiýalaryny ulanmak bilen dolandyrylýan Arkadag şäherine baryp gördüler, şeýle hem infrastruktura, awtoulag duralgasy, ulag we ş.m. dolandyrmak üçin “akylly” ulgamlary döretmekdäki öz mümkinçiliklerini görkezdiler. Goňşy döwletiň wekilleri munuň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösmegi üçin geljegi uly ugur boljakdygyny bellediler.
Mundan başga-da, Gazagystandan gelen telekeçiler Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyna we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligine hem baryp gördüler.
Ulag we logistika temasy işewürlik saparynyň soňky tapgyrynda - şol bir at bilen Halkara deňiz portunyň ýerleşýän Türkmenbaşy şäherinde dowam etdi. Gazagystanyň wekiliýeti gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawodyna we beýleki ýerli kärhanalara baryp gördi. Bu maksatly saparlar, iki ýurt üçin möhüm bolan iş ugurlarynda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini düýpli ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi diýip, Astana diplomatik kluby saparyny jemledi.
ORIENT news








