

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Bişkekde gepleşikleri geçirer
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow gepleşikleri geçirmek üçin 25-nji fewralda sapar bilen Bişkek şäherine bardy


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow gepleşikleri geçirmek üçin 25-nji fewralda sapar bilen Bişkek şäherine bardy


Özbegistanda azot kislotasynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça taslamanyň durmuşa geçirilişi we bu ugurdaky geljekki meýilnamalar boýunça Germaniýanyň azot kislotasy boýunça klimat täsirleri toparynyň (NACAG) sekretariatynyň ýolbaşçysy Torsten Brezina baştutanlygyndaky wekiliýet we "ýaşyl ykdysadyýete geçiş we ösüşi utgaşdyrmak Müdirliginiň" işgärleri maslahat geçirdiler


Fewral aýynda Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň ýolbaşçylarynyň bilelikdäki buýrugy hasaba alyndy. Bu resminama, bedenterbiýe we sport ulgamynda hyzmatlaryň şahadatnamalaşdyrylmagynyň täze tertibini tassyklaýar


24 — 28-nji fewral aralygynda Minsk şäherinde FATF standartlaryny öwrenmek boýunça Halkara seminary geçirilýär. Maliýe serişdelerini bikanun ulanmak bilen göreş görmek boýunça maliýe çärelerini işläp taýýarlamak topary (FATF) tarapyndan işlenip düzülen standartlary we olary milli kanunçylyklara ornaşdyrmagyň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmek seminaryň esasy maksady bolup durýar


2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» 3-7-nji marty aralygynda Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň bilelikde guramaklarynda «Sagdyn we ruhubelent zenan bagtyýar maşgalanyň gözbaşydyr» şygary bilen ýurdumyzdaky ýokary okuw mekdepleriň zenan mugallymlarynyň we talyp gyzlarynyň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçiriler


Türkiýäniň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew 25-nji fewralda Ankarada geçirilen Hökümetara toparynyň 8-nji mejlisinden soňra metbugat maslahatyny geçirdiler


Türkiýe Respublikasy Türkmenistan bilen söwda mukdaryny 5 milliard dollara çenli ýokarlandyrmagy, özara maýa goýumlaryny artdyrmagy we işewür toparlaryň arasynda has ýygy-ýygydan duşuşyklary geçirmegi maksat edinýär diýip, Türkiýäniň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz “X” sosial ulgamynda beýan etdi


Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa resmi wekiliýetiň ýolbaşçylygynda Ankara amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde şu gün, 25-nji fewralda Prezident Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy


Stambulda 2025-nji ýylyñ 25-26-njy sentýabrynda Dream Project we MICE tarapyndan guralan ITF syýahatçylyk sergisi geçiriler.


Start hat-habar alyş-çalyş ulgamy özüniň işleýşini kämilleşdirip, ulanyjylara maglumatlary has netijeli işlemek mümkinçiligini berdi.


2025-nji ýylda Türkiýede iri halkara sergiler geçirilip, olar türkmen telekeçilerine we kompaniýalaryna täze mümkinçilikleri açyp berer.


Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary Süleýmanmuhammet Şamuhammedow we Aýmyrat Halnazarow Indoneziýanyñ Malang şäherinde ýaşlaryñ arasynda geçirilen 5-nji Halkara ylym sergi bäsleşigine (YISF) gatnaşyp, altyn medallara eýe boldular.


2025-nji ýylyñ 24-nji fewralynda Türkmenistanyñ bilim ministriniñ orunbasary Azat Ataýewiñ Hytaý Halk Respublikasynyñ Gansu welaýatynyñ Daşary işler kanselýariýasynyñ başlygynyñ orunbasary Çžao Sýuñ ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyñ Bilim ministrliginiñ saýtynda habar berilýär.


«Türkmenaragatnaşyk» agentligi bäsleşige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek, ylmyň, tehnologiýanyň we önümçiligiň özara gatnaşygyny has-da kämilleşdirmek boýunça yzygiderli işleri durmuşa geçirýär.


Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi XX Aziýa oýunlaryna giriziljek 11 sany kibersport görnüşleri barada yglan etdi. Oýunlar 2026-njy ýylyň 19-njy sentýabryndan 4-nji oktýabryna çenli Aiti-Nagoýide (Ýaponiýa) şäherinde geçiriler.