HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Hytaýyñ Gansu welaýaty bilim babatda hyzmatdaşlyk ýollaryny kesgitlediler

Fewral 25, 2025 | 13:30 |4143
2025-nji ýylyñ 24-nji fewralynda Türkmenistanyñ bilim ministriniñ orunbasary Azat Ataýewiñ Hytaý Halk Respublikasynyñ Gansu welaýatynyñ Daşary işler kanselýariýasynyñ başlygynyñ orunbasary Çžao Sýuñ ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyñ Bilim ministrliginiñ saýtynda habar berilýär.2025-nji ýylyñ 24-nji fewralynda Türkmenistanyñ bilim ministriniñ orunbasary Azat Ataýewiñ Hytaý Halk Respublikasynyñ Gansu welaýatynyñ Daşary işler kanselýariýasynyñ başlygynyñ orunbasary Çžao Sýuñ ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyñ Bilim ministrliginiñ saýtynda habar berilýär.
Çeşme: education.gov.tm

2025-nji ýylyñ 24-nji fewralynda Türkmenistanyñ bilim ministriniñ orunbasary Azat Ataýewiñ Hytaý Halk Respublikasynyñ Gansu welaýatynyñ Daşary işler kanselýariýasynyñ başlygynyñ orunbasary Çžao Sýuñ ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyñ Bilim ministrliginiñ saýtynda habar berilýär.

Taraplar HHR-iñ Gansu welaýaty bilen bilim ulgamy boýunça hyzmatdaşlygyñ ýola goýulmagy barada maslahatlaşdylar. Hususan-da, ileri tutulýan hünärler boýunça türkmen tarapy üçin talyp haklary bermek mümkinçilikleri boýunça hyzmatdaşlyk, nebit we gaza, lukmançylyga, inžener tehnologiýalaryna ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdepleriñ arasynda netijeli gatnaşyklary ýola goýmak, taýýarlyk derejesini kämilleşdirmek üçin bilelikdäki okuw maksatnamalary durmuşa geçirmek.

Türkmenistanyñ bilim ministriniñ orunbasary myhmana ýurtda bilimiň hilini dünýäniñ öñdebaryjy tejribelerine we bu ulgamyñ öñünde duran wezipelere laýyklykda ösdürmek işi barada gürrüñ berdi.

Jenap Çžao Sýun HHR-iñ Gansu welaýatynyñ ýokary okuw mekdepleri bilen tanyşdyryp, bu welaýatyñ daşary ýurtly talyplara, şol sanda Türkmenistanly bilim alýanlara berýän goldawy barada aýdyp geçdi. Mundan başga-da, ol Gansu welaýatynyñ Lançžou uniwersitetinde 2020-nji ýyldan başlap Türkmen öwreniş ylmy-barlag merkezi, Szýatun uniwersitetinde bolsa Türkmen medeniýeti merkezi hereket edýändigi barada buýsanç bilen belledi.

Bellenen teklipleri tapgyrlaýyn durmuşa geçirmek maksady bilen bilelikde "Ýol kartasyny" düzmek we geljekde "Tegelek stol" görnüşinde duşuşyklary guramak barada ylalaşyldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026