HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkiýede geçiriljek sergiler: 2025-nji ýylda türkmen işewürligi üçin täze mümkinçilikler

Fewral 25, 2025 | 15:30 |7408
2025-nji ýylda Türkiýede iri halkara sergiler geçirilip, olar türkmen telekeçilerine we kompaniýalaryna täze mümkinçilikleri açyp berer.2025-nji ýylda Türkiýede iri halkara sergiler geçirilip, olar türkmen telekeçilerine we kompaniýalaryna täze mümkinçilikleri açyp berer.
Çeşme: mystanbul-life.info

2025-nji ýylda Türkiýede iri halkara sergiler geçirilip, olar türkmen telekeçilerine we kompaniýalaryna täze mümkinçilikleri açyp berer. Bu sergiler oba hojalyk, azyk senagaty, metal önümçiligi, logistika we zergärçilik işi ýaly möhüm pudaklary öz içine alyp, işewürlik aragatnaşyklary ýola goýmak we tejribe alyşmak üçin meýdança döredip berýär.

2025-nji ýylyñ 8-12-nji aprelinde Konýada geçirilmegi meýilleşdirilýän 21-nji Oba hojalyk tehnologiýalary we mehanizasiýa sergisi möhüm çäreleriñ biri bolar. Ol agrar pudagynda innowasiýalara gönükdirilip, Konýanyñ Söwda edarasy we TÜYAP kompaniýasynyñ guramagynda "Konya Uluslararası Fuar Merkezi" zalynda geçiriler.

2025-nji ýylyñ 9-12-nji apreli aralygynda Stambulyñ Tüyap sergiler merkezinde 3-nji ýöriteleşdirilen turbalar, profiller, symlar we polat önümçilik tehnologiýasynyñ sergisi geçiriler. Bu ýerde metaly işlemegiñ, turba we profil önümçiligiñ iñ täze tehnologiýalary, şeýle hem logistika we materiallary barlagdan geçirmek boýunça çözgütler görkeziler. Guramaçylar - Tüyap Tüm Fuarcılık Yapım A.Ş.

Zergärçilik pudagynyñ wekilleri üçin Stambulyñ zergärçilik sergisi gyzyklanma döreder. Ol iki tapgyrda, ýagny 2025-nji ýylyñ 16-19-njy aprelinde hem-de 1-4-nji oktýabrynda geçiriler. Pudagyñ möhüm çäresi bolmak bilen, bu sergide meşhur öndürijiler we dizaýnerler zergärçilik önümleriñ, gymmat bahaly daşlaryñ soñky kolleksiýalaryny we şay-sepleri öndürmek tehnologiýasyny görkezerler. Guramaçy – Informa Markets.

Şeýle-de, möhüm çäreleriñ arasynda Interfood Eurasia – Interfresh Eurasia sergisi bar. Ol Izmir şäherinde 2025-nji ýylyñ 18-20-nji sentýabry aralygynda geçiriler. Sergi azyk önümleri, täze gök önüm we miwe, gap çözgütleriñ, saklanyş tehnologiýalaryñ we logistika öndürijileri we üpjün edijileri birleşdirer. Guramaçy – Antexpo Fuarcılık A.Ş.

Bu sergilere gatnaşmaklyk türkmen kompaniýalaryna halkara hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ýola goýmak, täze tehnologiýalary öwrenmek we eksport mümkinçiliklerini giñeltmek üçin şert döreder.

2025-nji ýylda Türkiýede geçirilmegi meýilleşdirilýän sergiler baradaky giñişleýin maglumatlary şu salgy boýunça tapyp bolar:

https://docs.google.com/spreadsheets/d/1ndgsRJhzrIsf1eRZht3Bsbf1k79Atfrf/edit?usp=sharing&ouid=101713129162995800985&rtpof=true&sd=true

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026
Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

12:00 Awgust 23, 2026