HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Sentýabr aýynda Stambulda ITF Syýahatçylyk sergisi geçiriler

Fewral 25, 2025 | 16:00 |6513
Stambulda 2025-nji ýylyñ 25-26-njy sentýabrynda Dream Project we MICE tarapyndan guralan ITF syýahatçylyk sergisi geçiriler.Stambulda 2025-nji ýylyñ 25-26-njy sentýabrynda Dream Project we MICE tarapyndan guralan ITF syýahatçylyk sergisi geçiriler.
Çeşme: dominicanatourism.info

Stambulda 2025-nji ýylyñ 25-26-njy sentýabrynda Dream Project we MICE tarapyndan guralan ITF syýahatçylyk sergisi geçiriler. Çäre "Ýenikapy-Awrasýa ýerine ýetiriji sungat merkezinde" guralar. Çäräniñ maksady Türkiýäniñ we tutuş dünýäniñ syýahatçylyk pudagynyñ ýokary taýýarlykly hünärmenlerini birleşdirmekden, işewür hyzmatdaşlygyñ täze tapgyryna çykmak üçin şertleri döretmekden, şeýle hem, täze onümleriñ we hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giñ meýdançany döretmekden ybarat.

Täzeçil tendensiýalar we garaýyşlar, ýarmarkanyñ çäklerinde geçiriljek çykyşlarda we maslahatlarda ara alnyp maslahatlaşyp, ýokary taýýarlykly hünärmenleriñ öñünde täze gözýetimleri açar. 25-nji sentýabryñ agşamsyna ITF dabaraly çäresi geçiriler.

Çäräniñ çäklerinde irki öñünden ýer belläp goýmak boýunça kompaniýalara başlap, olar myhmanhana işewürligine we syýahatçylyk agentliklerine wagtyndan öñ gepleşikleri geçirmäge we hyzmatdaşlyk barada ylalaşyklara gol çekmäge mümkinçilik hödürleýär. 2024-nji ýylda Stambulyñ syýahatçylyk ýarmarkasy (ITF) dünýäniñ öñdebaryjy syýahatçylyk operatorlaryny birleşdirdi. Sergä gatnaşyjy 206 kompaniýasynyñ wekilleri öz ekspozisiýalarynda stendlerine gelip gören pudagyñ 15 000 ýokary taýýarlykly hünärmenleri bilen duşuşdylar.

Çäräniñ çäklerinde dünýäniñ dürli ýurtlarynyñ wekilleri B2B görnüşnde 8000 duşuşyklary geçirdiler. Öz sebitinden Türkiýä iñ köp syýahatçy we topar sanyny ugradýan agentliklere we operatorlara täze önümler we hyzmatlar hödürlenildi. Ýarmarka gatnaşyjylarynyñ giñ köpçüligine 2025-nji ýylda Syýahatçylygy ösdürmegiñ ýol kartasy hem görkezildi.

Gatnaşmak barada maglumatlar we bellige alnyş üçin: https://www.istanbulturizmfuari.com.tr/

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026