HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkiýäniň wise-prezidenti we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary teswirnama gol çekdiler

Fewral 25, 2025 | 19:09 |6999
Türkiýe Respublikasy Türkmenistan bilen söwda mukdaryny 5 milliard dollara çenli ýokarlandyrmagy, özara maýa goýumlaryny artdyrmagy we işewür toparlaryň arasynda has ýygy-ýygydan duşuşyklary geçirmegi maksat edinýär diýip, Türkiýäniň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz “X” sosial ulgamynda beýan etdiTürkiýe Respublikasy Türkmenistan bilen söwda mukdaryny 5 milliard dollara çenli ýokarlandyrmagy, özara maýa goýumlaryny artdyrmagy we işewür toparlaryň arasynda has ýygy-ýygydan duşuşyklary geçirmegi maksat edinýär diýip, Türkiýäniň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz “X” sosial ulgamynda beýan etdi
Çeşme: iha.com.tr

Türkiýe Respublikasy Türkmenistan bilen söwda mukdaryny 5 milliard dollara çenli ýokarlandyrmagy, özara maýa goýumlaryny artdyrmagy we işewür toparlaryň arasynda has ýygy-ýygydan duşuşyklary geçirmegi maksat edinýär diýip, Türkiýäniň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz “X” sosial ulgamynda beýan etdi. “Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak we ykdysady hyzmatdaşlygymyzy has-da çuňlaşdyrmak maksady bilen, dogan ýurdymyz bolan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew bilen biz Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň VIII mejlisini geçirdik. ... Biz inklýuziw esasda türk-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmegiň ýollary barada ikitaraplaýyn we wekilýetara derejesinde pikir alyşdyk” – diýip, Ýylmaz habar berdi.

25022025-сevdet-yilmaz-nokerguly-atagulyev.jpg

Bellenilşi ýaly, şu günki gol çekilen teswirnama 87 bölümi öz içine alyp, onda söwda, maýa goýum, energetika, ulag we ylmy hyzmatdaşlygy ýaly ugurlar boýunça köp sanly aňyk ädimler beýan edilendir. Hususan-da, türkmen gazyny Türkiýä ibermek we Orta geçelgäniň ösüşi baradaky ylalaşyklar iki ýurt üçin uly göwrümli strategiki peýdalary üpjün eder.

Mundan başga-da, gurluşyk, senagat, oba hojalygy we saglyk syýahatçylygy ýaly ugurlarda bilelikdäki tagallalary çuňlaşdyrmak hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryň hataryna girýär.

Wise-prezident Jewdet Ýylmaz we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew Prezident toplumynda Hökümetara toparyň mejlisiniň jemlerini boýunça metbugat maslahatyny geçirdi. Umumy diliň, diniň, medeniýetiň we taryhyň esasynda Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky berk gatnaşyklary, ýokary derejeli özara saparlar arkaly günsaýyn pugtalandyrylýandygyny Ýylmaz mälim etdi diýip, Türkiýäniň KHBS-i habar berýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026