HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Täze şahadatnama düzgüni Türkmenistanda sport hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrar

Fewral 26, 2025 | 04:15 |5398
Fewral aýynda Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň ýolbaşçylarynyň bilelikdäki buýrugy hasaba alyndy. Bu resminama, bedenterbiýe we sport ulgamynda hyzmatlaryň şahadatnamalaşdyrylmagynyň täze tertibini tassyklaýarFewral aýynda Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň ýolbaşçylarynyň bilelikdäki buýrugy hasaba alyndy. Bu resminama, bedenterbiýe we sport ulgamynda hyzmatlaryň şahadatnamalaşdyrylmagynyň täze tertibini tassyklaýar
Çeşme: orient.tm

Fewral aýynda Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň ýolbaşçylarynyň bilelikdäki buýrugy hasaba alyndy. Bu resminama, bedenterbiýe we sport ulgamynda hyzmatlaryň şahadatnamalaşdyrylmagynyň täze tertibini tassyklaýar. Resminama ýurdumyzdaky ähli sport hyzmatlarynyň şahadatnama düzgünini kesgitleýär we raýatlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegi, hödürlenýän hyzmatlaryň hiline gözegçilik etmegi hem-de sarp edijileri pes hilli hyzmatlardan goramagy maksat edinýär.

Täze tertibe laýyklykda, bedenterbiýe we sport ulgamynda hyzmat berýän ähli ýuridik we fiziki şahslar laýyklyk şahadatnamasyny almaga borçlydyr. Şahadatnamalaşdyrmak işini, «Türkmenstandartlary» tarapyndan döwlet akkreditasiýasyndan geçen, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Sport çärelerini geçirmek we utgaşdyrmak Guramasy ýerine ýetirýär.

Sport desgalary boýunça tehniki enjamlaşdyrylyş, howpsuzlyk, sanitariýa-epidemiologiýa talaplary hem-de ýangyn howpsuzlygy bilen baglanyşykly berk kadalar kesgitlenýär. Mundan başga-da, bu ugurda hyzmatlary hödürleýän taraplara degişli hünär talaplary girizilýär. Sport guramalary Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan tassyklanan talaplara laýyk gelýän ýokary derejeli hünärmenlere eýe bolmalydyr.

Laýyklyk şahadatnamasy üç ýyla çenli möhlet bilen berilýär. Şahadatnamasy bolan hyzmatlar her ýyl bellenilen talaplara laýyklygy gözden geçirilýär. Şahadatnamasyz hyzmatlary hödürlemek Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilige çekiler.

Sport toplumlarynyň, fitnes merkezleriniň we beýleki sport hyzmatlaryny hödürleýjileriň täze düzgünler bilen öňünden tanyşmagy we öz işlerini olara laýyk getirmegi maslahat berilýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026