

Türkmen kinorežissýory Sahysalyh Baýramow ýörite TÜRKSOÝ sylagyny aldy
Türki dünýäsiniň iň oňat kinorežissýorlary iň ýokary baýrak - Türki kinonatografiýasynyň ösmegine we medeni gatnaşyklary berkitmäge goşan goşandy üçin TÜRKSOÝ-yň altyn ýyldyzy bilen sylaglandy. Baýrak gowşurylyş dabarasy şu ýyl 29-njy sentýabrdan 2-nji oktýabr aralygynda geçirilen XV Daşkent halkara «Ýüpek ýolunyň merjeni» halkara film festiwalynyň çäginde geçirildi.




















