Türkmen energetika pudagy Abu Dabiniň ADIPEC 2023 sergisinde ünsi özüne çekýär


Duşenbe güni, 2-nji oktýabrda Abu Dabide açylan ADIPEC 2023 nebit-gaz sergisinde türkmen energetika pudagy, Norwegiýa, Şweýsariýa, BAE, Katar, Azerbaýjan, Hindistan, Pakistan, ABŞ, Kanada we ş.m. ýurtlardan ýüzlerçe halkara kompaniýasynyň ünsüni özüne çekdi.

Türkmenleriň energetika pudagyna işewürlik görkezen iň uly halkara kompaniýalarynyň arasynda Sinopec, Rime, CGG, EGS, Xiat, ICA-Finans, S&P Global we başgalar bar.
Türkmenistanyň stendine eden saparynda öňdebaryjy halkara kompaniýalarynyň ýolbaşçylary işewürlik tekliplerini, mümkimkin bolan hyzmatdaşlygy we maýa goýum taslamalaryny beýan etdiler. Şeýle hem, nebiti gaýtadan işleýän zawodlar, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we ýaşyl energetika taslamalaryna gatnaşýan kompaniýalar öz hyzmatlaryny hödürlediler.

Türkmen energetika pudagy oktýabr aýynyň ahyrynda Aşgabatda geçiriljek OGT 2023-de şeýle teklipleri we mümkin bolan taslamalary ara alyp maslahatlaşmagy dowam etdirer. ADIPEC 2023 sergi kompaniýalary OGT EXPO 2023-e gatnaşmaga gyzyklanma bildirdiler. Milli we halkara kompaniýalaryň 65-den gowragy geçirilmeli çäre üçin öňünden öz stendlerini bellediler.

Türkmenistanyň ýyllyk esasy energetika çäresine hasaba alynşyk 16-njy oktýabra çenli dowam edýär. Çärä hasaba alynmak üçin www.ogt-turkmenistan.com saýtyna giriň.
ORIENT news








