«Türkmenaragatnaşyk» Daşkende kiberhowpsuzlyk boýunça halkara konferensiýa gatnaşýar


Kiberhowpsuzlyk boýunça 1-nji halkara konferensiýa «Cyber Security Central Eurasia 2023» şu gün Daşkende açyldy. Ýokary derejeli konferensiýanyň ilkinji iş gününe onlarça ýurduň ygtyýarly wekilleri, şol sanda başlygynyň ýolbaşçylygynda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň wekiliýeti gatnaşdy.
Iki günlik konferensiýa (3-4-nji oktýabr) sebitleýin maglumatlary kiber howplardan goramak, häzirki zaman sanly çözgütleri ösdürmek, bu ugurda tejribe alyşmak we sebitara hyzmatdaşlygy has netijeli ösdürmek üçin halkara hyzmatdaşlygy meselelerine bagyşlandy.

Bu çärä Oman, Özbegistan, Azerbaýjan, Türkiýe, Gruziýa, Ýaponiýa, Türkmenistan, Gazagystan ýaly 24 ýurtdan 130 kompaniýa wekilçilik edýän 250-den gowrak wekil, şeýle hem Halkara elektroaragatnaşyk bileleşigi, FIRST, OIC-CERT gatnaşýar.
CSS 2023 kiberhowpsuzlyk konferensiýasynyň esasy maksady, tejribe alyşmak maksady bilen sebitdäki kiber jemgyýeti üçin halkara interaktiw platforma döretmek, häzirki zaman çözgütlerini görkezmek we iň wajyby, özara peýdaly esasda täze işewür hyzmatdaşlyk üçin mümkinçilikleri açmakdyr.

Maslahatyň umumy mowzugy, sanly dünýädäki kiberhowpsuzlygyň ähmiýeti: möhüm infrastrukturany we işewür baýlyklary goramaga ünsi jemleýän çözgütler, howplar we hyzmatdaşlykdyr. Çykyş edenleriň 40-dan gowragy öz kompaniýalaryny we çözgütlerini hödürlediler. Olaryň arasynda umumy mejlisde çykyş eden «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýolbaşçysy Hajymyrat Hudaýgulyýew hem bar.
Maslahatyň diňleýjileri – bular karar alýan ýokary wezipeli şahslar, kiberhowpsuzlyk boýunça hünärmenler we ahyrky ulanyjylar dinamiki ösýän global töwekgelçilik konfigurasiýasyny we kiberhowpsuzlygyň sebitdäki ýurtlara sanlylaşdyrmagyň hödürleýän sosial-ykdysady ýeňilliklerinden doly peýdalanmagyna nähili kömek edip biljekdigini öwrenerler.

Forumyň çäginde, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýew bilen Özbegistan Respublikasynyň Sanly tehnologiýalar ministri Şerzod Şermatowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda kiberhowpsuzlyk, maglumatlary kiber howplardan goramak, maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary we maglumat howpsuzlygy pudagynda hünärmenleri taýýarlamak, sanly ykdysadyýeti ösdürmek babatynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

ORIENT news








