

Polşada «ýokary göteriji» otly synagdan geçirildi
Polşanyň Newomo başlangyjy otlylaryň ýokary tizlikde relslerden gopup, üstünden üçmaga mümkinçilik berýän tehnologiýany döretdi. Dünýädäki ilkinji MagRail otlusynyň synag meýdançasy Polşanyň Nowa Sažin şäherinde 720 metrlik demir ýol boldy diýip, Themayor habar berýär. Işläp düzüjileriň pikiriçe, şeýle otlylar sagatda 550 km tizlik bilen syýahat edip biler.



















