Türki döwletleriň guramasy 14 ýyllygyny we Hyzmatdaşlyk gününi belleýär


«Türki döwletleriniň guramasynyň düýbüni tutan Nahiçewan ylalaşygyna gol çekilmeginiň 14 ýyllygy bilen baglanyşykly, sizi Türki döwletleriniň Hyzmatdaşlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys», - diýip çarşenbe güni, 3-nji oktýabrda çap edilen Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň metbugat beýanatynda aýdylýar.
1992-nji ýylda «Türki dilli döwletleriň baştutanlarynyň sammitleri» hökmünde başlan bu iş şu gün gatnaşyjy ýurtlaryň güýçli erk-islegi we bilelikdäki tagallalary netijesinde doly hukukly halkara guramasyna öwrüldi diýip, edarada bellediler.
Türki döwletleri guramasy, agza döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy işjeň giňeltmegi we çuňlaşdyrmagy, milli mümkinçilikleri sazlaşdyrmagy we dünýä arenasynda jogapkär we duýgur sebit oýunçysy hökmünde parahatçylygy we durnuklylygy ösdürmegi maksat edinýär.
Türki döwletleri guramasynyň baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýew öz çykyşynda bu günüň «guramamyzyň döremegini alamatlandyrýandygyny» we «halklarymyz we geljek nesillerimiz üçin agzybirligi aňladýandygyny, şu gün umumy ýolumyzy we üstünliklerimizi bilelikde belleýäris» diýip, belledi.
Öň Türk Geňeşi ýa-da Türki dilli döwletleriň Hyzmatdaşlyk Geňeşi diýlip atlandyrylýan Türki döwletleriň guramasy, 1990-njy ýyllaryň başynda türki döwletleriniň baştutanlarynyň sammiti hökmünde ýüze çykdy we netijede 2009-njy ýylda halkara geňeşi boldy.
Onuň agzalary Türkiýe, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan we Özbegistan bolup, Türkmenistan we Wengriýa synçy statusyna eýe.
Aşgabat TDG-nyň ähli derejelerindäki işine işjeň gatnaşýar. Hut geçen aý, Türkmenistan, 28-nji sentýabrda Astanada geçirilen TDG-na agza ýurtlaryň we synçylaryň resmi daşary syýasat gözleg merkezleriniň ýygnagyna we 14-nji sentýabrda Stambulda geçirilen TDG-nyň forumyna gatnaşdy.
ORIENT news








