HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Guterriş: BMG Türkmenistan bilen bilelikdäki işleri dowam etdirmäge umyt bildirýär

Oktýabr 02, 2023 | 23:00 |7428
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowa Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiç, Slowakiýa Respublikasynyň Prezidenti Zuzana Çaputowa, Sloweniýanyň Prezidenti Nataşa Pirs-Musar, Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawel gutlag hatlaryny ýolladylar.Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowa Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiç, Slowakiýa Respublikasynyň Prezidenti Zuzana Çaputowa, Sloweniýanyň Prezidenti Nataşa Pirs-Musar, Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawel gutlag hatlaryny ýolladylar.
Çeşme: un.org

“Birleşen Milletler Guramasy Siziň ýurduňyz üçin şu şatlykly günde Türkmenistanyň ähli halkynyň begenjini paýlaşýar we men adamlar üçin hem, dünýä üçin hem has gowy, sagdyn, howpsuz geljegi üpjün etmek ugrunda bilelikdäki işimizi dowam etdirjekdigimize umyt edýärin” diýlip, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow iberen Gutlagynda bellenýär.

Baaýramçylyk Gutlagyna şeýle hem, dünýäniň häzirki ýüzbe-ýüz bolýan wehimleri bizden raýdaşlyga, özara hormat goýmaga we düşünişmäge esaslanýan bilelikdäki tagallalary talap edýändigi nygtalýar.

“Ýagty geljek parahatçylygyň, adamlaryň hukuklarynyň, ýaşaýan ýerine garamazdan, ähli adamlar üçin abadançylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen tagallalaryň goldanylmagy hem-de her bir ýurduň öz milli çäklerinden çykmagy esasynda gazanylyp bilner” diýlip, Gutlagda aýdylýar.

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň ýollan Gutlagynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň oňyn ösüş depgininiň guwandyryjydygy nygtalýar.

“Ýakynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pariže bolan saparynyň jemlerine laýyklykda, biz ykdysady, ekologiýa, oba hojalygy, energetika, ylym we medeniýet ulgamlarynda gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak boýunça işlerimizi dowam etdirmelidiris. Bilelikdäki tagallalarymyz netijesinde täze taslamalaryň üstünlikli amala aşyryljakdygyna ynanýaryn” diýlip, hatda bellenýär.

Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň hatynda häzirki döwrüň wehimleri bilen baglylykda, iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň uly ähmiýete eýe bolandygy nygtalýar.

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowa Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiç, Slowakiýa Respublikasynyň Prezidenti Zuzana Çaputowa, Sloweniýanyň Prezidenti Nataşa Pirs-Musar, Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawel gutlag hatlaryny ýolladylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026