Russiýanyň demir ýollary uçarmansyz otlylary işläp düzýär


«Russiýanyň demir ýollary» Açyk Paýdarlar Jemgyýetiniň hünärmenleri uçarmansyz otlylary döretmegi meýilleşdirýärler. Bu barada kompaniýanyň baş müdiri Oleg Belozýorow habar berdi.
Uçarmansyz otlylar, otly wagonlarynyň uzakdan dolandyrylmagyny öz içine alýan dördünji derejeli awtomatlaşdyryş bilen rus platformasynda dörediler.
Moskwanyň metrosynda eýýäm uçarmansyz otlylary işe girizmek üçin LTE maglumat toruny synagdan geçirip başladylar.
Otlylar synaglaryň we howpsuzlygy tassyklamagyň ähli tapgyrlary tamamlanandan soň işe giriziler.
Öň Russiýanyň öňdebaryjy IT kompaniýasy «Sitronics Group»-yň ýolbaşçysy Nikolaý Požidaew 2024-nji ýylda ilkinji uçarmansyz ýolagçy gämileriniň Russiýada peýda boljakdygyny beýan edipdi.
ORIENT news








