HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda nebit önümlerini peýdalanmak bilen bagly kadalaryň bozulandygy üçin jerimeler girizildi

Oktýabr 03, 2023 | 12:44 |9336
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gol çekmegi bilen “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda” nebit önümlerini peýdalanmak bilen bagly kadalaryň bozulandygy üçin jerimeler kesgitlendi. Bu baradaky Kanun şu gün Türkmenistanyň resmi metbugatynda çap edildi.Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gol çekmegi bilen “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda” nebit önümlerini peýdalanmak bilen bagly kadalaryň bozulandygy üçin jerimeler kesgitlendi. Bu baradaky Kanun şu gün Türkmenistanyň resmi metbugatynda çap edildi.
Çeşme: turkmennebit.gov.tm

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gol çekmegi bilen “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda” nebit önümlerini peýdalanmak bilen bagly kadalaryň bozulandygy üçin jerimeler kesgitlendi. Bu baradaky Kanun şu gün Türkmenistanyň resmi metbugatynda çap edildi.

Nebit önümleriniň bellenilen (çäklendirilen) möçberlerden artyk harçlanandygy, niýetlenişine görä ulanylmandygy, sarp edijileriň awtoulaglarynda, ýöriteleşdirilen tehnikalarynda hem-de mehanizmlerinde nebit önümlerini sarp etmegiň bellenilen ölçegleriniň we kadalarynyň bozulandygy, nebit önümleriniň bikanun ýerlenilendigi we edinilendigi üçin hem-de, goýberilýän nebit önümleriniň hiliniň girdeji resminamalaryndaky maglumatlara gabat gelmezligi we/ýa-da nebit önümleriniň hiliniň dikeldip bolmazlygy, nebit önümleriniň bikanun hasapdan öçüilmegi, ulanylan nebit önümleriniň galyndylaryny kabul etmegiň, saklamagyň, goýbermegiň, gaýtadan işlemegiň tertibiniň bozulandyy üçin jerimelere girizilýär.

Ýokardaky ýagdaýlaryň biri ýerine ýetirilende fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň (100 manat) birisinden ikisine, wezipeli adamlara – ikisinden bäşisine, ýuridik şahslara – bäşisinden onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

Administratiw temmisi ulanylandan soň hem, bir ýylyň içinde ýokardaky hereketleriň biri ýene bir gezek edilende fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisinden bäşisine, wezipeli adamlara bäşisinden onusyna, ýuridik şahslara onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

20:00 Sentýabr 07, 2026
Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

17:14 Sentýabr 07, 2026
Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

17:00 Sentýabr 07, 2026