Türkmenistanly mugallymlar Puşkin adyndaky bäsleşigiň ýeňijileri boldular


Rus dilini okadýan türkmenistanly mugallymlaryň 3-si Puşkin adyndaky bäsleşigiň ýeňijileri boldular. Olar Çärjew etrabynyň 37-nji orta mekdebiniň mugallymy Myrat Gazakow, Saýat etrabynyň 27-nji orta mekdebiniň mugallymy Çary Jumadurdyýew we Daşoguz şäheriniň 25-nji orta mekdebiniň direktorynyň orunbasary Enejan Haýytbaýewadyr diýip, “Нейтральный Туркменистан” gazeti habar berýär.
Rus dilini okadýan türkmenistanly mugallymlar bäsleşigiň iň ökde 50-liginiň hataryna goşulmagy başardylar. Moskwa şäheriniň dolandyryş edaralary we “Российская газета” gazeti bu bäsleşigi eýýäm 23-nji gezek guraýarlar.
Rus şahyry Anna Ahmatowanyň “Mertlik” goşgusyndaky “Rus dili, beýik rus sözi, biz seni aýarys, gorarys seni” (И мы сохраним тебя, русская речь, великое русское слово) setirleri düzme bäsleşiginiň temasy boldy. Oňa jemi 300 töweregi iş kabul edildi. Bäsleşigiň ýeňijileri rus paýtagtynyň gözel ýerlerine syýahat edip, kärdeşleri bilen tejribe alyşmaga mümkinçilik aldylar.
Bäsleşigiň ýeňijileri “Российская газета” gazetiniň redaksiýasyna hem baryp gördüler we olar üçin pedagogika dersleri boýunça ussatlyk sapaklary guraldy. Baýrak gowşuryş dabarasynda ýeňijilere diplomlar we pul sylaglary gowşuryldy.
ORIENT news








