HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Kitap Duşanbe-2023” sergisinde Türkmenistan barada kitap neşirleri hödürlenýär

Oktýabr 03, 2023 | 20:37 |8131
Täjigistanyň paýtagtynda 3-nji oktýabrda “Kitap Duşanbe-2023” 11-nji Halkara kitap sergisi açyldy. Sergide Türkmenistanyň Ilçihanasy bilen Täjigistanda akkreditirlenen diplomatik korpusy birlikde Türkmenistan baradaky dürli edebiýatly diwarlygy gurady.Täjigistanyň paýtagtynda 3-nji oktýabrda “Kitap Duşanbe-2023” 11-nji Halkara kitap sergisi açyldy. Sergide Türkmenistanyň Ilçihanasy bilen Täjigistanda akkreditirlenen diplomatik korpusy birlikde Türkmenistan baradaky dürli edebiýatly diwarlygy gurady.
Çeşme: mfa.gov.tm

Täjigistanyň paýtagtynda 3-nji oktýabrda “Kitap Duşanbe-2023” 11-nji Halkara kitap sergisi açyldy. Sergide Türkmenistanyň Ilçihanasy bilen Täjigistanda akkreditirlenen diplomatik korpusy birlikde Türkmenistan baradaky dürli edebiýatly diwarlygy gurady.

Milli öwüşgünde bezelen türkmen diwarlygy, Türkmenistanyň daşary we içerki syýasatyna we döwletiň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerine bagyşlanan kitaplary we neşirleri hödürledi. Bu sergide Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleri aýratyn orny eýeleýär.

Şeýle hem baý, köptaraply türkmen medeniýeti, taryhy we sungaty barada gürrüň berýän çeper eserler, ylmy işler we döwürleýin neşirler hödürlenýär.

Ilçihananyň işgärleri sergide Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp ýörite neşir edilen žurnalyň tanyşdyryş dabarasyny geçirdiler. Bu çärä Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň, Milli kitaphanasynyň we Täjigistanyň Milli muzeýiniň ýolbaşçylary we işgärleri, Duşenbedäki diplomatik korpusyň wekilleri hem-de jemgyýetçilik wekilleri we talyplar ýaşlar gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

Fransiýa 129 tonna altyny yzyna getirip, dollardan daşlaşmak prosesini güýçlendirdi

20:00 Sentýabr 07, 2026
Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Sport we ýaşlar ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirdi

17:14 Sentýabr 07, 2026
Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

Germaniýada suw ýetmezçiligi 25 milliard tonna ýetdi — GFZ-nyň barlagy

17:00 Sentýabr 07, 2026