Aşgabat gazna biržasy we USAID gymmatly kagyzlary çykarmak boýunça kompaniýalara mugt geňeşme geçirýär


Aşgabat gazna biržasy USAID-iň telekeçiligi we işewürlik gurşawyny ösdürmek boýunça taslamasy (FGI) bilen hyzmatdaşlykda gymmatly kagyzlary çykarmak arkaly öz işewürligine goşmaça maýa serişdelerini çekmek isleýän hususy kompaniýalara mugt konsaltingleri guraýar.
Bu taslamanyň maksady täze maliýe gurallary arkaly Türkmenistanda gazna biržasyny ösdürmekden we kompaniýalara maliýe babatda alternatiw çeşmeler barada habardarlygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.
Hereket edýän düzgünlere laýyklykda, emitentleri goldamak maliýe bazaryny ösdürmegiň wajyp tapgyrlarynyň biridir. Gymmatly kagyzlaryň emitentleri maliýe bazarynda möhüm orny eýeleýär. Ol maýadarlara öz pullaryny gymmatly kagyzlara öwürmäge mümkinçilik berýär. Haçanda emitent zerur talaplara laýyklykda gymmatly kagyzlary çykaranda, olar üçin goşmaça maliýe serişdeleri, maýadarlar üçin bolsa, maýa goýmak üçin täze mümkinçilikler döreýär.
Taslamanyň çäklerinde gymmatly kagyzlar arkaly goşmaça maýa serişdelerini çekmek isleýän kompaniýalara her tapgyr boýunça ýörite okuwlar guralar. Munuň üçin emitentlere gymmatly kagyzlary çykarmagyň düzgünleri, ony nähili etmelidigi we gerekli resmimanalar boýunça işler öwrediler. Konsalting okuwlara gatnaşmak üçin şu salgy arkaly onlaýn sowalnamany doldurmak zerurdyr:
Habarlaşmak üçin: +99362609454
Email: consultantagabayev@gmail.com
Gazna biržasy: 46-86-05, 46-88-05.
Web-saýty: agb.com.tm.
ORIENT news








