HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen alymy derman senagatynda ýowşan ekstraktyny ulanmagy teklip edýär

Oktýabr 04, 2023 | 11:23 |7117
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň alymlary ýowşanyň sitwar görnüşinden gury ekstrakt almagy başardylar. Institutyň aspiranty, ylmy işgäri Berdi Berdiýew bejeriş üçin ýokary netijeli we ekologiýa taýdan bähbitli aýratynlyklaryny açyp görkezdi.Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň alymlary ýowşanyň sitwar görnüşinden gury ekstrakt almagy başardylar. Institutyň aspiranty, ylmy işgäri Berdi Berdiýew bejeriş üçin ýokary netijeli we ekologiýa taýdan bähbitli aýratynlyklaryny açyp görkezdi.
Çeşme: alpagama.org

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň alymlary ýowşanyň sitwar görnüşinden gury ekstrakt almagy başardylar. Institutyň aspiranty, ylmy işgäri Berdi Berdiýew bejeriş üçin ýokary netijeli we ekologiýa taýdan bähbitli aýratynlyklaryny açyp görkezdi.

Bu ekstrakt derman senagatynda dürli görnüşli derman serişdeleri taýýarlanylanda giňden ulanylyp bilner. Sitwar ýowşanynyň ekstrakty häzirki zaman biotehnologiýa enjamynyň kömegi bilen alyndy.

Türkmenistanda ýowşanyň jemi 32, Köpetdagda bolsa 11 görnüşi ösüp, şolaryň 4-si endemikdir. Lukmançylyk ekstrakty taýýarlananda onuň Köpetdagda bitýän bir görnüşi peýdalanyldy. Alymyň belleýşi ýaly, bu görnüşleriň her biriniň aýrtynlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly gollanma eserlerinde giňişleýin beýan edilýär.

Alnan ekstrakt ýokanç we ýokanç däl keselleri, şol sanda öýkendäki çişleri bejermekde we öňüni almakda gaýtalanmajak bejeriş häsiýetine eýedir. Ol mikroblara garşy hem oňat serişdedir. Şeýle hem, ol bedende döreýän howply hadysalaryň öňüni alýar.

Sitwar ýowşanyndan alnan dermanlyk ekstrakty derman senagatynda peýdalanmak üçin örän oňaýly işläp taýýarlamadyr. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022 – 2028-nji ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady atýdan ösdürmek Maksatnamasynda hem ýerli çig mal serişdelerini ulanyp, milli senagaty ösdürmäge uly üns berilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Tähranda Hazar deňziniň ekologiýasy we «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek baştutanlaryň duşuşygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Tähranda Hazar deňziniň ekologiýasy we «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek baştutanlaryň duşuşygy ara alnyp maslahatlaşyldy

19:00 Awgust 12, 2026
Duşenbede Türkmenistanyň durmuşyndaky möhüm wakalar we ýurduň halkara başlangyçlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Duşenbede Türkmenistanyň durmuşyndaky möhüm wakalar we ýurduň halkara başlangyçlary ara alnyp maslahatlaşyldy

18:54 Awgust 12, 2026
PIXEL COMPUTERS STORE: Kompýuter tehnikasynyň giň görnüşi we ygtybarly kepillik

PIXEL COMPUTERS STORE: Kompýuter tehnikasynyň giň görnüşi we ygtybarly kepillik

18:48 Awgust 12, 2026