HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aziýa Olimpiýa Geňeşi Aziýa oýunlarynyň iň gymmatly oýunçysyny saýlar

Oktýabr 03, 2023 | 23:50 |5330
Aziýa Olimpiýa Geňeşi Hytaýyň Hançžou şäherinde geçirilýän XIX Aziýa oýunlarynyň iň gymmatly oýunçysyny saýlar. Munuň üçin 6 adamdan ybarat ýörite topar hem döredildi. Bu adamlaryň her biri Aziýanyň dürli sebitlerine wekilçilik edýär.Aziýa Olimpiýa Geňeşi Hytaýyň Hançžou şäherinde geçirilýän XIX Aziýa oýunlarynyň iň gymmatly oýunçysyny saýlar. Munuň üçin 6 adamdan ybarat ýörite topar hem döredildi. Bu adamlaryň her biri Aziýanyň dürli sebitlerine wekilçilik edýär.
Çeşme: ocasia.org

Aziýa Olimpiýa Geňeşi Hytaýyň Hançžou şäherinde geçirilýän XIX Aziýa oýunlarynyň iň gymmatly oýunçysyny saýlar. Munuň üçin 6 adamdan ybarat ýörite topar hem döredildi. Bu adamlaryň her biri Aziýanyň dürli sebitlerine wekilçilik edýär.

Bu ýörite topara Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň hormatly we ömürlik wise-prezidenti Weý Sziçžun ýolbaşçylyk edýär. Ol şeýle hem, nobatdaky Aziýa oýunlarynyň sport desgalary boýunça işçi toparyna hem ýolbaşçylyk edýär.

Günbatar Aziýadan şazada Fahad Jalawi Al Saud, Merkezi Aziýadan - Özbegistanyň Milli olimpiýa komitetiniň baş sekretary Oýbek Kasymow, Gündogar Aziýadan - Hytaýyň Olimpiýa komitetiniň wise-prezidenti Li Linweý, Günorta-Gündogar Aziýadan - Filippinleriň Milli olimpiýa komitetiniň ýolbaşçysy Awraam Tolentino, Günorta Aziýadan - Bangaldeşiň Olimpiýa assosiasiýasynyň baş sekretary Saýed Şahid Reza ýörite topara agza bolup durýar.

Iň gymmatly oýunçy Oýunlaryň ýapylyş dabarasynyň geçirilýän gününde - 8-nji oktýabrda mälim ediler. Indoneziýanyň Jakarta şäherinde 2018-nji ýylda geçirilen XVIII Aziýa Oýunlarynyň iň gymmatly oýunçysy ýapononiýaly zenan suwda ýüzüji türgeni Rikako Iki yglan edilipdi. Ol şol gezekki oýunlarda 6 altyn we 2 kümüş medal toplapdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026