

Döwletjan Ýagşymyradowyň indiki söweşiniň senesi belli boldy
Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow 8-nji oktýabrda polýak garşydaşy Maseý Ružanski bilen söweşer.


Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow 8-nji oktýabrda polýak garşydaşy Maseý Ružanski bilen söweşer.


Çişlik – köpleriň halaýan tagamy bolup, hiç hili dabara ýa-da baýramçylyk bu ýakymly ysly lezzetsiz geçmeýär. Gündogar, Merkezi Aziýa, Kawkaz we Gündogar Ýewropa ýurtlary çişligiň mekany hasaplanýar. Aslynda başda çişlik diňe inçe dogralan goýun etinden edilýän hem bolsa, wagtyň geçmegi bilen maňňalda et bişirmegiň dürli görnüşleri peýda boldy. Häzirki wagtda adamlar towukdan, balykdan, göle etinden, doňuz etinden we hatda gök önümlerden hem çişlik edýärler.


15-nji sentýabrda türkmen wekiliýeti Gazagystanyň Türkestan şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň içeri işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy.


Türkmenistanyň Kerler we körler jemgyýetiniň Aşgabat, Türkmenabat we Mary şäherlerindäki durmuş edaralaryny döwrebaplaşdyrmak işleri tamamlanyp gelýär.


Moskwa şäheriniň merkezi Gyzyl meýdançada ýerleşýän Baş ählumumy magazinde (GUM) "Ýüpek ýoly" atly sergi geçirilýär. Onda şäheriň ýaşaýjylary we myhmanlary Merkezi Aziýa halklarynyň medeniýeti we däp-dessurlary bilen ýakyndan tanşyp bilýärler.


"Deniel" diýlip atlandyrylýan ýagyşly tupandan soň, 10-njy sentýabrda Liwiýanyň demirgazyk-gündogarynda, Ortaýer deňziniň kenaryna golaý sebitde 2 sany suw bendi ýaryldy.


Türkmenistanyň wekiliýeti Hytaýyň Çifyn şäher okrugynda geçirilen tokaý hojalygy pudagynyň ministrler derejesindäki 3-nji maslahatyna gatnaşdy.


Mary şäherinde okuw seminary geçirildi. Onda Türkmenistanyň hünärmenleri energiýa tygşytlamak we energiýa netijeliligi, şeýle hem gaty hojalyk galyndylaryny alternatiw energiýa çeşmesi hökmünde ulanmak babatynda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny we kadalaşdyryjy-tehniki resminamalary işläp düzmekde halkara tejribesini öwrendiler. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) habar berdi.


"Ahal"türkmen FT, Aziýanyň esasy klub ýaryşy bolan AFK Çempionlar ligasynyň birinji tapgyrynyň çäginde 19-njy sentýabrda geçiriljek Saud Arabystany "Al-Faiha"-sy bilen öý oýnuna taýýarlyk işlerini dowam etdirýär.


Gazagystanyň paýtagtynda dürli ýurtlardan neşirýatçylary, ýazyjylary we okyjylary ýygnan Kitaptime halkara kitap festiwaly geçirildi. Festiwala, türkmen medeniýeti we gazananlary barada ajaýyp täze kitaplary hödürlän Türkmenistanyň Astanadaky ilçihanasy gatnaşdy.


Bu gün Ameca dünýädäki iň ösen robotlaryň biridir. Emeli intellektli Android, hasam adamlary ýada salýan ägirt uly mümkinçilikleri bilen tapawutlanýar. Ýakynda ol birinjiden, adamzadyň geljegi hakda oýlanandygy üçin, ikinjiden, aýnadaky keşbine ilkinji gezek berýän täsirini görkezýän wideo düşmegi bilen ýene-de sosial ulgamlaryň sözbaşylarynda boldy.


Azerbaýjanyň Şuşa şäherinde “Gorkut Ata” Halkara medeniýet we sungat festiwaly şeýle hem, Merkezi Aziýa ýurtlaryndan we TÜRKSOÝ-yň kinorežissiorlarynyň gatnaşmagynda kino forumy geçiriler. 8-nji oktýabrdan 12-nji oktýabr aralygynda 2023-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty bolan Şuşa şäheri döredijilik platformasyna we dünýäniň dürli künjeklerinden kino öndürijileriniň iň gowy filmlerini görkezjek uly kinoteatr zalyna öwrüler.


Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň we Araly halas etmrgiň halkara gaznasyny esaslandyryjylaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň indiki mejlisine gabat gelýän Duşanbe (Täjigistan) şäherinde tamamlanan halkara ýaryşynda türkmen ýüzüjileri dürli ugurlarda 11 medal gazandylar.


Erkin göreş boýunça türkmen pälwanlary 16-25-nji sentýabr aralygynda Belgrad şäherinde (Serbiýa) geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşarlar.


Her ýyl 15-nji sentýabrda bellenilýän ITEC (Hindi tehniki we ykdysady hyzmatdaşlygy) güni mynasybetli Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy ITEC uçurymlaryny gysga film bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar.