

TDHÇMB-da geçirilen söwdalaşykda “B” kysymly karbamid ýokary islege eýe boldy
Anna güni, 19-njy iýulda, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda “B” kysymly karbamid ýokary islege eýe boldy.


Anna güni, 19-njy iýulda, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda “B” kysymly karbamid ýokary islege eýe boldy.


Pekinde Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň (HKP MK) 20-nji çagyrylyşynyň üçinji mejlisi geçirildi, diýip Sinhua agentligi habar berýär.


"Türkmengaz" döwlet konserniniň ýolbaşçylary we BAE-niň Senagat we ösen tehnologiýalar ministri, Abu Dabi milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň köp sanly meselelerini gözden geçirdiler.


Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabatda, Maslahat köşgünde köşgünde geçiriler. Bu Karar şenbe güni, 20-nji iýulda Halk Maslahatynyň Prezidiumy tarapyndan berildi.


Prezident Serdar Berdimuhamedow Ursula fon der Lýaýeni Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy wezipesine gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady.


Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy şu hepdäniň, anna güni halkara mango festiwalynyň hormatyna açyk we “lezzetli” çäre geçirdi. Her ýylda bellenip dünýäniň dürli künjeklerinden tropiki miweleri söýýänleri bir ýere jemleýän bu baýram, mangonyň hormatlanýan ýeri bolan hindi medeniýetiniň baýlygyny we aşpezlik däplerini ýene bir gezek ýada saldy.


Pariž – 2024 ilkinji türgenleri Fransiýanyň paýtagtynda Olimpiýa obasynyň resmi taýdan açylmagy bilen garşy aldy.


«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hünärmenleri bilen Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymlarynyň arasynda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalaryny ulanyp, elektron okuw sapaklaryny ösdürmekde we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda alnyp barylýan işler barada söhbetdeşlik gurnaldy.


Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň Minskdäki ştab-kwartirasynda, Arkalaşygyň agza döwletleriniň hemişelik Doly ygtyýarly wekilleriniň geňeşi baradaky we beýleki düzüm birlikleriniň Düzgünnamanyň täze neşiriň taslamasy barada ylalaşmak üçin Arkalaşygyň bilermenler toparynyň ýygnagy geçirildi. Bu barada Arkalaşygyň metbugat gullugy habar berdi.


Penşenbe güni, 18-nji iýulda, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda “Türkmenhimiýa” DK önümine uly isleg bildirildi.


Hytaý Halk Respublikasy öňünde goýan aralyk howa maksatlaryna möhletinden alty ýyl öň ýetendigini Hytaýyň Milli statistika býurosy habar berdi.


Bu wideo söhbetdeşlikde Gyrgyzystanyň Türkmenistandaky ilçisi Azizbek Madmarow bilen iki ýurdumyzyň arasyndaky barha artýan ykdysady we söwda gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdyk.


2025-nji ýylyň ikinji çärýeginde Samarkant welaýatynda A synpynyň iň uly multimodal ulag we logistika merkezi bolan “Logopark Samarkant” açylar. Bu barada Özbegistanyň Milli habarlar gullugy habar berýär.


Samsung, saglyga we işjeňlige gözegçilik etmek maksady bilen ençeme ýyllap dowam eden gözlegleriň we ösüşleriň netijesi bolan “Galaxy Ring” akylly ýüzügi satuwa çykardy.


Çarşenbe güni, 17-nji iýulda, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda elde dokalan türkmen halysynyň we nebithimiýa pudagyň önümi satyldy.