Aşgabatda Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi


Şu gün paýtagtymyzyň “Maslahat köşgünde” türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramçylygynyň öňisyrasynda geçirilýän umumymilli maslahatda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurduň ýokary wekilçilikli edarasynyň mejlisine jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň we ähli ýaşdaky – talyp ýaşlaryndan hormatly il ýaşulylaryna çenli wekiller gatnaşdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisinde çykyş edip, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler giň gerimi hem-de täzeçilligi bilen tapawutlanyp, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli pudaklaryny öz içine alýandygyny belledi.
Abadançylygyň, bagtyýarlygyň, gülläp ösüşiň hatyrasyna döwlet adama, adam bolsa – döwlete gulluk edýär. Munuň özi “Döwlet adam üçindir!” diýen taglymatyň esasynda alnyp barylýan işleriň rowaçlanýandygyny görkezýär diýip, “TDH” türkmen halkynyň Milli Lideriniň sözlerini getirýär.
Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň üstünligi, şeýle-de ydysady kuwwatynyň artdyrylmagy, ýurdumyzyň halkara abraýynyň pugtalandyrylmagy, halkyň hal-ýagdaýynyň barha ýokarlanýandygy barada aýdyp, Halk Maslahatynyň Başlygy Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda “Pähim-paýhas ummany – Magtymguly Pyragy” ýylynyň syýasy, ykdysady, medeni galkynyşlara, şöhratly wakalara baý ýyllaryň biri bolup taryha girjekdigine berk ynam bildirdi.
Türkmen halkynyň gazanan üstünlikleri barada aýdyp, Halk Maslahatynyň Başlygy olaryň halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendigi barada belledi. Ykdysady ösüşiň esasy aýratynlyklaryna adam başyna düşýän girdejiniň ýokary derejesi, ähli pudaklarda zähmet öndürijiliginiň ýokary bolmagy, ykdysady özgertmeleriň ýokary depgini, adam maýasynyň hem-de ylmy-tehnologik ösüşiň ýokary derejesi, dünýä bazarynda bäsleşige ukyply bolmagy ýaly meseleler degişlidir.
Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, Bitarap döwletimiziň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrmak hemmämiziň esasy wezipämiz bolup durýar diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.
Şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy wezipelerine ünsi çekdi. Munuň bilen baglylykda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň hem-de umumybilim berýän orta mkdepleriň sanynyň artdyrylmagy, saglygy sebäpli mümkinçiligi çäkli çagalar bilen alnyp barylýan işleriň kämilleşdirilmeginiň, olar bilen işleýän pedagogik işgärleriň hünäriniň ýokarlandyrylmagynyň, ýokary okuw mekdeplerinde ylym-bilim-önümçilik arabaglanyşygynyň kämil usulynyň döredilmeginiň wajyplygy barada bellenildi.

Mundan başga-da Arkadag şäheriniň dünýäniň ylym-bilim merkezi hökmünde ornuny pugtalandyryp, şäherde Türkmenistanyň gadymy, orta asyrlar, täze we iň täze taryhyny, arheologiýa, binagärlik ýadygärliklerini, döwletiň alyp barýan syýasatyny öwrenýän hem-de wagyz edýän halkara ylmy-barlag merkeziniň döredilmeginiň wajyplygy barada aýratyn bellenilip geçildi.
Ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga mümkinçilik berýän ykdysadyýet pudagynda amala aşyrylýan özgertmeler barada aýdyp geçip, iş üpjünçilik boýunça halkara guramalary, daşary ýurt döwletleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekde, hususan-da, Halkara Zähmet guramasynyň konwensiýalaryna goşulmakda möhüm ädim boljak “Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” kabul edilmeginiň maksadalaýyklylygyny Gurbanguly Berdimuhamedow belläp geçdi.
Halk Maslahatynyň Başlygy pul-karz, walýuta, maliýe we salgyt-býujet ulgamlarynyň yzygiderli kämilleşdirilýändigi barada aýtmak bilen, ýokary hilli, bäsleşige ukyply önümleri öndürmekde, azyk howpsuzlygyny berkitmekde, döwrebap senagat kärhanalaryny, şäherdir obalary gurmakda telekeçileriň uly iş alyp barýandyklary barada bellenildi.
Maliýe bazarynyň ösdürilmegine, telekeçiligiň täze görnüşleriniň we usullarynyň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns çekmek bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri, 2030-njy çyla çenli maliýe bazarynyň ösdürilmegi Strategiýasynyň hem-de kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň Milli Maksatnamasynyň kabul edilmegini, şeýlelikde, ýurdumyzyň ýokary depginde ösdürmegiň täze tapgyryna badalga berilmegini möhüm wezipeler diýip kesgitledi.
ORIENT news








