Koreýa Respublikasynyñ Ýer, infrastruktura we ulag ministri Aşgabatda gepleşikleri geçirdi


23-nji sentýabrda, duşenbe güni geçirilen duşuşykda Türkmenistanyñ daşary işler ministri Raşid Meredow we Koreýa Respublikasynyñ Ýer, infrastruktura we ulag ministri Pak San U ulag-üstaşyr we logistika infrastrukturasyny giñeltmek boýunça Türkmenistanyñ iri taslamalarynyñ çäklerinde hyzmatdaşlyk ýagdaýyny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Köpýyllyk hyzmatdaşlygyñ, hususan-da, awtoulag pudagyndaky gazanylan üstünlikler barada bellenilip, şähergurluşyk, seýsmologiýa, ulag pudaklarynda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi diýip, türkmen DIM-niñ habarlarynda aýdylýar.

Ozal şu aý, Seulda ministr Pak San U hem-de Türkmenistanyñ Prezidentiniñ ýanyndaky Arkadag şäherini gurmak boýunça Döwlet komitetiniñ başlygy Derýageldi Orazowyñ arasynda duşuşyk geçirilip, "akylly" şäheriñ ösdürilmeginde koreý tehnologiýalaryny ulanmak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu duşuşyk Akylly şäherleriñ Halkara sergisiniñ/World Samrt City Expo çäklerinde geçirilip, 5-nji sentýabrda türkmen Arkadag şäheri 3 baýraga mynasyp boldy.
ORIENT news








