HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BMGÖM we Beýik Britaniýanyñ Ilçihanasy Türkmenistanda döredijilikli ykdysadyýetiñ ösdürilmegini goldarlar

Sentýabr 23, 2024 | 22:45 |9798
BMG-niñ Ösüş maksatnamasy hem-de Türkmenistandaky Beýik Britaniýanyñ Ilçihanasy döredijilikli we innowasion ykdysadyýetiñ ösdürilmegine goldaw bermek bilen durnukly ykdysady ösuşe ýardam etmekde tagallalaryny birleşdirdiler.BMG-niñ Ösüş maksatnamasy hem-de Türkmenistandaky Beýik Britaniýanyñ Ilçihanasy döredijilikli we innowasion ykdysadyýetiñ ösdürilmegine goldaw bermek bilen durnukly ykdysady ösuşe ýardam etmekde tagallalaryny birleşdirdiler.
Çeşme: undp.org

BMG-niñ Ösüş maksatnamasy hem-de Türkmenistandaky Beýik Britaniýanyñ Ilçihanasy döredijilikli we innowasion ykdysadyýetiñ ösdürilmegine goldaw bermek bilen durnukly ykdysady ösuşe ýardam etmekde tagallalaryny birleşdirdiler. Täze başlangyç Türkmenistanyñ ykdysadyýetiniñ diwersifikasiýalaşmagyna goldaw bermäge, zenanlaryñ we ýaşlaryñ hukuklarynyñ we mümkinçilikleriniñ giñeldilmegine hem-de ýurduñ ählumumy bäsleşige ukyplylygynyñ ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir diýip, Türkmenistanda BMG-niñ Ösüş maksatnamasynyñ habarlarynda aýdylýar.

Taslamanyñ maksady durnukly ykdysady ösüşi höweslendirmek, milli ykdysadyýetiñ diwersifikasiýalaşmagyny goldamak hem-de döredijilikli we innowasion ykdysadyýeti öñe sürmek bilen ählumumy bäsleşige ukyplylygy berkitmek. Taslama ýerli döredijilikli bölegiñ ýurduñ ykdysady pudaklaryna işjeñ gatnaşmagy üçin mümkinçilikleriñ artdyrylmagyna gönükdirilendir.

Bu taslamanyñ çäginde BMG-niñ Ösüş maksatnamasy döredijilikli ykdysadyýeti ösdürmek, innowasiýalary we telekeçiligi goldamak boýunça teklipleri taýýarlar.

Mundan başga-da döredijilikli we ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýet boýunça maslahatyñ geçirilmegi hem-de onuñ hökümet, halkara guramalaryñ, işewürlik toparlarynyñ wekillerini, halkara bilermenleri we döredijilikli bölegiñ wekillerini birleşdirmegi meýilleşdirilýär. Maslahat döredijilikli ykdysadyýet hem-de öñdebaryjy tejribe alyşmak üçin oñaýly kanun çykaryjylyk binýadyny işjeñleşdirmek üçin meýdança bolar.

"Durnukly abadançylygy gazanmak üçin Türkmenistana öz döredijilik we innowasion akyllarynyñ mümkinçiliklerini açmak zerurdyr. Telekeçiligi we innowasiýalary goldaýan ykdysadyýeti höweslendirmek bilen ykdysady diwersifikasiýa we inklýuziw ösüş üçin ýurt tarapyndan şertler döredilýär. Bu başlangyç ýaşlar üçin mümkinçilikleriñ döredilmegine gönükdirilip, Türkmenistan üçin durnukly we geljegi uly bolan ykdysadyýetiñ ösdürilmegine mümkinçilik berer" - diýip, Türkmenistanda BMG-niñ Ösüş maksatnamasynyñ hemişelik wekili Narine Saakýan belledi.

"Döredijilikli bölek Beýik Britaniýanyñ ykdysadyýetiniñ ösüşi üçin möhüm çeşme boldy, we biz bu tejribämizi Türkmenistan bilen paýlaşmak islärdik. Ykdysady ösüşi höweslendirmekden başga-da, döredijilikli bölek milli barlygy berkidip, innowasiýalara ýol açýar. Şeýle-de biziñ belleýşimiz ýaly, ol Beýik Britaniýada oba ýerlerinde iş orunlaryny döredip, ýerli bileleşikleri goldamaga ýardam berýär" - diýip, Türkmenistandaky Beýik Britaniýanyñ Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Stiwen Konlon belledi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

17:00 Awgust 26, 2026
Tailand gozgalaňçylaryň hüjümlerinden soň günortadaky howpsuzlygy güýçlendirdi

Tailand gozgalaňçylaryň hüjümlerinden soň günortadaky howpsuzlygy güýçlendirdi

14:00 Awgust 26, 2026
Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

01:02 Awgust 26, 2026