HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Oleg Kononenko HKS-da bolmagyň dowamlylygy boýunça täze rekord goýdy

Sentýabr 23, 2024 | 09:37 |9189
Rus kosmonawtlary Oleg Kononenko we Nikolaý Çub bir uçuş wagtynda Halkara kosmos stansiýasynda (HKS) bolmagyň dowamlylygy boýunça täze rekord goýdular. Bu barada kosmos işleri boýunça döwlet korporasiýasy “Roskosmos” habar berýär.Rus kosmonawtlary Oleg Kononenko we Nikolaý Çub bir uçuş wagtynda Halkara kosmos stansiýasynda (HKS) bolmagyň dowamlylygy boýunça täze rekord goýdular. Bu barada kosmos işleri boýunça döwlet korporasiýasy “Roskosmos” habar berýär.
Çeşme: rg.ru

Rus kosmonawtlary Oleg Kononenko we Nikolaý Çub bir uçuş wagtynda Halkara kosmos stansiýasynda (HKS) bolmagyň dowamlylygy boýunça täze rekord goýdular. Bu barada kosmos işleri boýunça döwlet korporasiýasy “Roskosmos” habar berýär.

“Moskwa wagty bilen 16:06:51-de, olar (Kononenko we Çub), Sergeý Prokopýewiň, Dmitriý Peteliniň we Fransisko Rubionyň 370 gün 21 sagat 22 minut 16 sekunt dowam eden uçuşynda görkezen netijesi geçdi” – diýip, “Roskosmos”-yň habarynda aýdylýar.

Oleg Kononenko we Nikolaý Çub 2023-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda “Soýuz MS-24” kosmos gämisinde HKS-a uçdylar. 23-nji sentýabrda “Soyuz MS-25” kosmos gämisinde Ýere gaýdyp gelerler.

5-nji iýunda Oleg Kononenko kosmosda bolmagyň umumy dowamlylygy 1000 günden geçen taryhda ilkinji kosmonawt boldy. Bäş kosmos uçuşynda jemi 878 gün 11 sagat 29 minut 48 sekunt toplan kosmonawt Gennadiý Padalkanyň görkezen netijesinden ýokary boldy.

Iň uzak kosmos uçuşyny 1994-nji ýylyň ýanwar aýyndan 1995-nji ýylyň mart aýy aralygynda “Mir” orbital toplumynda 437 gün 17 sagat 58 minut 17 sekunt geçiren rus Waleriý Polýakow ýerine ýetirdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Millionda bir tötänlik. Türkmen çölleriniň ak altyny: dünýä himiýasyny üýtgeden açyşyň taryhy

Millionda bir tötänlik. Türkmen çölleriniň ak altyny: dünýä himiýasyny üýtgeden açyşyň taryhy

23:05 Awgust 10, 2026
Kanada gümrük paçlarynyň zarbasyna sezewar bolýar

Kanada gümrük paçlarynyň zarbasyna sezewar bolýar

21:30 Awgust 10, 2026
Eýranyň Ýokary lideri wideoýazgyda peýda boldy

Eýranyň Ýokary lideri wideoýazgyda peýda boldy

20:00 Awgust 10, 2026