HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Katar ýaşyl tehnologiýalar we emeli añ boýunça iki diplom maksatnamasyny öwrenýärler

Sentýabr 24, 2024 | 02:00 |9456
23-nji sentýabrda, duşenbe güni Türkmenistanyñ we Kataryñ Bilim ministrlikleri iktaraplaýyn onlaýn-maslahatyny geçirdiler.23-nji sentýabrda, duşenbe güni Türkmenistanyñ we Kataryñ Bilim ministrlikleri iktaraplaýyn onlaýn-maslahatyny geçirdiler.
Çeşme: education.gov.tm

23-nji sentýabrda, duşenbe güni Türkmenistanyñ we Kataryñ Bilim ministrlikleri iktaraplaýyn onlaýn-maslahatyny geçirdiler.

Türkmen tarapyna bilim ministriniñ orunbasary Azat Ataýew wekilçilik edip, ol Katar bilen gatnaşyklaryñ giñeldilmegine taýýardygy barada aýratyn bellemek bilen 2023-nji ýylyñ mart aýynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyñ Doha bolan sapary gatnaşyklaryñ işjeñleşdirmegi üçin täze mümkinçilikleri açyp berendigi barada aýtdy.

Kataryñ ýokary bilim boýunça ministriniñ orunbasary Harem Mohammed Said El Gaberi hyzmatdaşlygyñ netijeli häsiýeti barada belledi hem-de onuñ mundan beýläk-de ösdürilmegine gyzyklanma bildirdi.

Bilim ulgamynyñ özgerdilmeginde katar tejribesiniñ öwrenilmegini, Türkmenistanyñ talyplary we mugallymlary üçin gysga möhletleýin okuwlaryñ guralmagyny, ýaşyl tehnologiýalar we emeli añ ýaly ösýän ugurlarda iki görnüşli diplom maksatnamalaryny we bilelikdäki ylmy barlaglary öz içine alýan ýol kartasynyñ taslamasyna garaldy.

Uniwersitetleriñ innowasion ekoulgamyñ düzüm bölegi hökmünde ösdürmek we STEM-usullaryny ornaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyñ Bilim ministrliginde habar berdiler. Taraplar bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak hem-de şahsy bilim ýollaryny gurmak üçin bilim bermek prosessini derñemegiñ gurallaryny ulanmak barada ylalaşdylar.

Ýol kartasynyñ taslamasynyñ düzgünleri barada ylalaşyp, ministrleriñ orunbasarlary bu başlangyjy tejribede amala aşyrmaga bolan isleglerini tassykladylar. Bu bolsa iki ýurduñ ýaşlary üçin bilim mümkinçiliklerini giñeltmäge hem-de bilim ulgamlarynyñ özgerdilmeginde tejribe alyşmaga şert döreder.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

23:45 Oktýabr 27, 2026
“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

23:31 Oktýabr 27, 2026
Dohada Bütindünýä maýa goýum forumy açyldy: liderler halkara söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çagyrdylar

Dohada Bütindünýä maýa goýum forumy açyldy: liderler halkara söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çagyrdylar

23:30 Oktýabr 27, 2026