

Russiýanyň Daşary işler ministri Hazarýaka ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň ýygy-ýygydan duşuşmagynyň zerurdygyny aýtdy
Dört ýyl mundan ozal geçirilen Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň soňky ýygnagyndan bäri bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derejesi ep-esli ýokarlandy, munuň özi şu formatda ýygy-ýygydan duşuşmagymyzyň zerurdygyny görkezýär – diýip, RF-nyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow aýtdy.




















