Gazagystan Hazar ulag geçelgelerini has doly ulanmagy teklip edýär


Gazagystan Hazar hyzmatdaşlygynyň çäklerinde, birinjiden, üstaşyr-ulag we maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmek, şol sanda Hazaryň doly derejede ulanylmaýan ulag geçelgelerini peýdalanmak arkaly täze multimodal ugurlaryny döretmek ugrunda çykyş edýär. Bu barada duşenbe güni Hazarýaka ýurtlarynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň maslahatynda çykyş edende, Gazagystanyň daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi aýtdy.
Ikinjiden, söwda ýollarynyň diwersifikasiýasyny üpjün etmek zerur diýip, diplomat sözüni dowam etdi hem-de kärdeşlerini söwda proteksionizminiň garşysyna, bazarlaryň açyklygy, halkara söwdasyny hem-de adamlaryň arasyndaky gatnaşyklary howeslendirmek ugrunda bilelikde çykyş etmäge çagyrdy.
Tleuberdi Gazagystanyň beýleki ileri tutýan ugurlarynyň hatarynda Hazaryň deňiz gurşawyny goramak we onuň ýagdaýyny gowulandyrmak babatda tagallalaryň birleşdirilmegini, onuň suwlarynyň hapalanmagynyň öňüni almak boýunça ylalaşykly çözgütleriň kabul edilmegini agzady.
ORIENT news








