Türkmenistanyň Prezidenti türk kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy


Duşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türk kompaniýalarynyň ýolbaşçylary – “Çalik Holding” kompaniýalar toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk, “Polimeks Inşaat Taahhüt ve Sanayi Ticaret A.Ş.” kompaniýasynyň başlygy Erol Tabanja we “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşyklary geçirdi.
Kompaniýalaryň ýolbaşçylary özlerine ynanylan taslamalaryň durmuşa geçirilişi barada giňişleýin habar berdiler hem-de Türkmenistanyň hökümeti bilen oňyn hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigine umyt bildirdiler diýip, şu gün resmi türkmen metbugaty ýazýar.
Soňra türk kompaniýalaryň ýolbaşçylary türkmen parlamentiniň ýokary palatasynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildiler. Olar Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyna berk jan saglyk, uzak ömür hem-de giň gerimli döwlet we jemgyýetçilik işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.
Söhbetdeşler duşuşyklaryň çäklerinde, şeýle hem Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary babatda köpýyllyk hyzmatdaşlygyň geljegine üns berdiler.
ORIENT news








