HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýanyň Daşary işler ministri Hazarýaka ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň ýygy-ýygydan duşuşmagynyň zerurdygyny aýtdy

Iýun 29, 2022 | 14:22 |10190
Dört ýyl mundan ozal geçirilen Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň soňky ýygnagyndan bäri bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derejesi ep-esli ýokarlandy, munuň özi şu formatda ýygy-ýygydan duşuşmagymyzyň zerurdygyny görkezýär – diýip, RF-nyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow aýtdy.Dört ýyl mundan ozal geçirilen Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň soňky ýygnagyndan bäri bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derejesi ep-esli ýokarlandy, munuň özi şu formatda ýygy-ýygydan duşuşmagymyzyň zerurdygyny görkezýär – diýip, RF-nyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow aýtdy.
Çeşme:

– Dört ýyl mundan ozal geçirilen Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň soňky ýygnagyndan bäri bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derejesi ep-esli ýokarlandy, munuň özi şu formatda ýygy-ýygydan duşuşmagymyzyň zerurdygyny görkezýär – diýip, RF-nyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow aýtdy.

Russiýanyň DIM-niň ýolbaşçysy Aşgabatda sişenbe güni Hazar “bäşliginiň” döwlet baştutanlarynyň sammitiniň öňüsyrasynda geçirilen ministrleriň duşuşygynda eden çykyşynda RF Daşary işler ministrleriniň ýygnagynyň yzygider ýagdaýda ýola goýulmagynyň özara gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga mümkinçilik döretjekdigine ynanyar – diýip aýtdy.

Lawrow jemleýji jarnama boýunça bilermenleri tarapyndan “örän gowy we peýdaly resminama” işlenip düzülen ýokary derejeli Iş toparynyň çäginde gazanylan ylalaşyklar bilen Russiýanyň kanagatlanýandygyny, bu resminamanyň çarşenbe güni Prezidentleriň garamagyna hödürlenjekdigini belläp geçdi.

Şeýle hem, Hazarýaka döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň ýygnagynyň netijeleri boýunça Sergeý Lawrow Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy baradaky Konwensiýanyň ýörelgeleriniň möhümdiginiň we mizemezliginiň tassyklanandygyny aýtdy. Diňe Hazaryň kenarýaka döwletleri deňze we onuň baýlyklaryna degişlilikde özygtyýarly hukuklara eýe. Taraplar konwensiýanyň beýleki ugurlardaky ýörelgelerini hem tassykladylar we sebitde hyzmatdaşlygyň kanuny esaslaryny berkitmek we giňeltmek boýunça işleri dowam etdirmek babatda ylalaşdylar.

Ýurtlar Hazar deňziniň çäginde özge ýurtlaryň ýaragly güýçleriniň bolmak hukugynyň ýokdugyny we gämileriň bolsa, diňe kenarýaka döwletleriň biriniň baýdagy astynda hereket edip bilýändigini tassykladylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026
Nýurnbergde oýlap tapyşlaryň 78-nji halkara iENA sergisi geçirilýär

Nýurnbergde oýlap tapyşlaryň 78-nji halkara iENA sergisi geçirilýär

16:00 Noýabr 02, 2026