HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen küştçi gyzlarymyz «Queens Online» Bütindünýä festiwalynyň baýrak eýeleri bolan toparlaryň üçlügine girdi

Iýun 27, 2022 | 14:47 |17247
Türkmen küştçi gyzlary «Queens Online» Bütindünýä küşt festiwalynyň toparlaýyn final tapgyrynyň netijeleri boýunça mynasyp 3-nji orny eýelediler. Türkmen topary mümkin bolan 22 utukdan toparlaýyn 17 utuk toplap, diňe her biri 18 utuk toplan ABŞ-yň we Hytaýyň ýygyndy toparlaryndan yza galdy.Türkmen küştçi gyzlary «Queens Online» Bütindünýä küşt festiwalynyň toparlaýyn final tapgyrynyň netijeleri boýunça mynasyp 3-nji orny eýelediler. Türkmen topary mümkin bolan 22 utukdan toparlaýyn 17 utuk toplap, diňe her biri 18 utuk toplan ABŞ-yň we Hytaýyň ýygyndy toparlaryndan yza galdy.
Çeşme:

Türkmen küştçi gyzlary «Queens Online» Bütindünýä küşt festiwalynyň toparlaýyn final tapgyrynyň netijeleri boýunça mynasyp 3-nji orny eýelediler. Türkmen topary mümkin bolan 22 utukdan toparlaýyn 17 utuk toplap, diňe her biri 18 utuk toplan ABŞ-yň we Hytaýyň ýygyndy toparlaryndan yza galdy. 4-nji we 5-nji orunlarda bolsa, degişlilikde her biri 15 utuk toplan Azerbaýjanyň we Eýranyň toparlary ýerleşdi.

Туркменские шахматистки

Türkmenistana Jemal Öwezdurdyýewa (1-nji tagta, 2061 reýting), Läle Şöhradowa (2-nji tagta, 1856 reýting), Merýem Agajanowa (3-nji tagta, 1783 reýting) we Eneş Arazmedowa (4-nji tagta) wekilçilik etdiler.

Туркменские шахматистки

Küşde uly üns berýän yklymlaryň hemme dördüsinden jemi 12 topar kwalifikasiýa tapgyrlaryndan geçip, ýagny, her yklymdan üç topar final tapgyra ýetmegi başardylar.

Туркменские шахматистки

ORIENT-iň ozal habar berişi ýaly, Türkmenistan «Queens Online» festiwalynyň Aziýa tapgyrynda 3-nji orny eýeläp, şu günki finalda çykyş etmäge özüne ýer üpjün etdi.

Туркменские шахматистки

Yklym tapgyrlarynyň her birine, takmynan, 20-25 topar, ýagny ýüze golaý toparlar hem-de jemi 500-den gowrak aýal-gyzlar gatnaşdylar.

Туркменские шахматистки

Online-ýaryşyň “blis” wagt tertibi bilen geçirlendigini ýatlatmak gerek. Şonda her oýunça her göçüm üçin 2 sekund goşulmagy bilen, tutuş döwe 3 minut berilýär.

Ýaryşyň dowamynda türkmen gyzlaryna Azerbaýjandan we hat-da ABŞ-dan bolan küştçi gyzlar ýaly güýçli garşydaşlaryny ýeňmek başardandygy bellärliklidir. Olaryň toparyna Halkara grossmeýster Irina Kruş (2430 reýting) ýolbaçylyk etdi.

Туркменские шахматистки

Indi “anti-çiter” ýörite toparynyň netijeleri tassyklamagyna garaşmak alýar, bu bolsa, adatça, birnäçe gün egleýär.

Ýeňijiler resmi taýdan yglan edilenden soň, baýrak eýeleri bolan toparlaryň üçüsi-de şu ýylyň güýzünde meşhur zenan-grossmeýsterleriň ýolbaşçylygynda türgenleşikleriň tapgyryny geçmek mümkinçiliklerine mynasyp bolarlar.

«Queens Online» festiwaly 2022-nji ýylda Bütindünýä küşt federasiýasy tarapyndan yglan edilen “Küştde zenanlaryň ýyly”-nyň çäklerinde geçirildi hem-de Türkmenistanda gyzlaryň we zenanlaryň küşt bilen meşgullanmaklary arkaly olaryň aň-paýhas başarnygyny ösdürmäge neneňsi üns berilýändigini aýdyň görkezmäge ýene-de bir mümkinçilik boldy.

Туркменские шахматистки

“Nur Ýüpek” matalar dükanlar toplumy “patyşalar” festiwalynyň Bütindünýä tapgyrynda türkmen küştçi gyzlar toparynyň baş hemaýatkäri boldy, ol hem düýnki üstünligi mynasybetli Läle Şöhradowa sowgat etdi.

Туркменские шахматистки

Mundan başgada, egin-eşik tikýän “Saraýan” kompaniýasy we Aşgabadyň “Ýyldyz” myhmanhanasy ýardam berdiler.

Türkmenistanyň küşt baradaky täzelikleri bilen federasiýanyň Instagramdaky - @tkm_chess sahypasyndan tanşyp duruň.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Neo-şygryýet» interaktiw sergisi myhmanlara Olimpiýa şäherçesindäki «Art-bazar» galereýasynda garaşýar

«Neo-şygryýet» interaktiw sergisi myhmanlara Olimpiýa şäherçesindäki «Art-bazar» galereýasynda garaşýar

16:40 Iýun 18, 2026
Türkmenistanda ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça milli kampaniýa badalga aldy

Türkmenistanda ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça milli kampaniýa badalga aldy

16:35 Iýun 18, 2026
Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

14:34 Iýun 18, 2026