HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇMB-niň söwadalary: BAE-niň wekilleri nah ýüplük satyn aldylar

Iýun 28, 2022 | 22:28 |7768
Duşenbe güni, 27-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $192 müň we 3,6 million manat bolan 2 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Duşenbe güni, 27-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $192 müň we 3,6 million manat bolan 2 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme:

Duşenbe güni, 27-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $192 müň we 3,6 million manat bolan 2 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

BAE-niň telekeçisi $192 müň 80 müň kilogram reňklenmedik nah ýüplük satyn aldy. Bu ýurda wekilçilik edýän beýleki bir alyjy ýerli pulda 120 müň tonna reňklenmedik nah ýüplük almaga geleşik baglaşdy. Geleşigiň umumy bahasy 3,6 million manada barabar boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaryna şu gün (28-nji iýunda) çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen biržanyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.

Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.

Şunuň bilen bir wagtda, saýtda tmex.gov.tm döredilen degişli hyzmatlar arkaly göniden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp, birža harytlarynyň söwdasynyň dowamy bilen tanşyp bolar. Şeýle hem birža harytlaryny satmak baradaky bildirişleri ýerleşdirmek mümkinçiligi elýeterlidir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026