HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabat halkara transport forumyny geçirer

Iýun 28, 2022 | 00:33 |11241
18-19-njy iýulda Aşgabatda ulag we tranzit geçelgelerini ösdürmäge we olaryň özara baglanyşygyna bagyşlanan halkara maslahaty geçiriler.18-19-njy iýulda Aşgabatda ulag we tranzit geçelgelerini ösdürmäge we olaryň özara baglanyşygyna bagyşlanan halkara maslahaty geçiriler.
Çeşme:

18-19-njy iýulda Aşgabatda ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmäge we olaryň özara baglanyşygyna bagyşlanan halkara maslahaty geçiriler. Bu barada ORIENT-e Türkmenistanyň MK-niň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginde habar berdiler.

Maslahatyň maksady halkara ýük gatnawlarynyň pandemiýadan soň dikeldilmegi we olaryň häzirki ýagdaýa uýgunlaşmagy, ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mundan beýläk-de ösdürilmegi, şeýle hem, Türkmenistanyň döwlet düzümleriniň we halkara guramalaryň, iri logistik kompaniýalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek baradaky möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat.

Maslahata we onuň çäklerinde guralýan işewürlik ýygnaklaryna gatnaşmak halkara ýük gatnawlarynda maýa goýum mümkinçiliklerine has ýakyndan göz aýlamaga we uzakmöhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegini gözden geçirmäge mümkinçilik berer.

Halkara forumyň işine Türkmenistanyň hökümetiniň wekilleriniň, milli we halkara transport kompaniýalarynyň, logistika guramalarynyň we maliýe institutlarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

Şeýle hem, maslahaty gurnaýjylar oňa Zoom Professional platformasynda onlaýn görnüşde gatnaşmak mümkinçiligini göz öňünde tutýarlar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026