

Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda uçar gatnawlarynyň sany hepdede dört gezege çenli köpeldildi
Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky uçar gatnawlarynyň sany hepdede dört gezege çenli köpeldildi. Moskwa täze gatnawlar ýola goýuldy.


Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky uçar gatnawlarynyň sany hepdede dört gezege çenli köpeldildi. Moskwa täze gatnawlar ýola goýuldy.


25-nji iýundan Türkmenistan daşary ýurtly ýük daşaýjylara “Lütfabad (Eýran) – Artyk (Türkmenistan)” barlag geçiriş nokadynyň (BGN) – “Farap – (Türkmenistan) – Alat (Özbegistan)” BGN – “Artyk (Türkmenistan) – Lütfabad (Eýran)” BGN-larynyň ugry boýunça sürüjileri bilen üstaşyr geçmäge rugsat berdi.


Russiýanyň Türkmenistan bilen energetikada hyzmatdaşlyk, şol sanda käbir şertnamalary dowam etmek barada anyk ylalaşyklary bar, “Gazprom”-yň ýolbaşçylary bolsa ýakynda Türkmenistana geler.


Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň binasynda “Türkmennebit” döwlet konserni bilen Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd. kompaniýasynyň arasynda gol çekmek dabarasy boldy. Bu kompaniýa Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşygyň (ÖPY) şertlerinde Hazar deňziniň türkmen böleginde nebiti we gazy çykaryp almak işlerini ýerine ýetirýär.


“Türkmendemirýollary” agentligi adatça ýylyň ikinji ýarymynda ýolagçy otlularynyň tertibini täzeleýär. 1-nji iýulda güýje girjek üýtgeşmeleriň esasy manysy, otlularyň her gün alty ugurda hereket etmegidir.


Çarşenbe güni, 29-njy iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 47,6 million manat bolan 30 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Türkmenistan bilen Wýetnam söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýe.


Çarşenbe güni, 29-njy iýunda Aşgabatda geçirilen VI Hazar Sammitiniň netijeleri metbugat üçin beýannamada aýdyldy. Ony Türkmenistanyň wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow beýan etdi.


Ýedinji Hazar sammiti Eýran Yslam Respublikasynda ylalaşylan wagtda geçiriler. Bu barada çarşenbe güni Aşgabatda geçirilen VI Hazar sammitiniň Jarnamasynda aýdylýar.


Hazarýaka döwletleriniň ýörite wekilleriniň derejesinde Daşary işler ministrlikleriniň howandarlygynda yzygiderli geňeşmeleriň geçirilmegi bäş ýurduň döwlet edaralarynyň özara hereket etmegi üçin şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir.


Halkara işewürlik, maliýe institutlary Hazar sebitine üns we gyzyklanma bilen garaýarlar, onuň mümkinçiliklerine we geo-ykdysady gymmatyna düşünýärler – diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Aşgabatda Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylaryny ýygnan VI Hazar sammitinde belläp geçdi.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hazar sebitinde pugta, uzakmöhletli we bölünmez howpsuzlygyň üpjün edilmegini deňizde bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlikli bolmagynyň esasy wezipeleriniň biri, şonuň bilen birlikde, aýrylmaz şerti diýip atlandyrdy.


Çarşenbe güni Aşgabatda geçirilýän Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygynyň gysga görnüşdäki mejlisi tamamlanyp, VI Hazar Sammitiniň işi giňişleýin görnüşe geçdi. Prezidentler beýleki, has giň zala geçdiler, şol ýerde olara bäş ýurduň wekiliýetleriniň agzalary goşuldylar.


Aşgabatda VI Hazar Sammiti açyldy. Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Eýranyň we Russiýa Federasiýasynyň Baştutanlarynyň duşuşygy “Arkadag” myhmanhanasynda geçýär.


Sişenbe güni Aşgabatda Eýranyň daşary işler ministri Huseýn Amir Abdullahian Hazarýaka döwletleriniň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygynda çykyş edip, göni başlangyç ugurlar baradaky ylalaşygyň ähmiýetini nygtady.