

Türkmenistanyň küşt boýunça ýetginjekler topary Aziýada ikinji orunda durýar
Küşt boýunça dünýä çempiony kesgitlenen güni, sportyň bu görnüşinde Türkmenistanyň ýetginjekler topary hem üstünlikli netije gazandy.


Küşt boýunça dünýä çempiony kesgitlenen güni, sportyň bu görnüşinde Türkmenistanyň ýetginjekler topary hem üstünlikli netije gazandy.


Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýada saparda boldy hem-de ol ýerde birnäçe duşuşyklar geçirdi we bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi, tejribe alyşmak hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdy.


Türkmen türgenleri 1-nji maýdan 14-nji maý aralygynda Daşkentde (Özbegistan) geçiriljek boks boýunça dünýä çempionatynda çykyş ederler. Ýurdumyza 14 adamdan ybarat wekiliýet, şol sanda 10 türgen wekilçilik eder.


28-29-njy aprelde El Kuweýtde geçirilen Aziýanyň açyk Kubogynda türkmenistanly dzýudoçy Mämmedaly Açyldyýew 90 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medala mynasyp boldy.


Anna güni, 28-nji aprelde Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $28,9 mln amerikan dollaryna golaý 6 geleşik baglaşyldy - diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


«Nepesow trio» türkmen topary 28-nji aprelden 1-nji maýa çenli Duşanbede (Täjigistanda) geçjek VII Duşanbe etno-jaz festiwalyna gatnaşar.


Hançžou kuraş boýunça Aziýanyň çempionatyny 2022-nji ýylyň Tomusky Aziýa oýunlarynyň halkara synag çäresi hökmünde kabul etdi.


Halkara älem stansiýasynyň modulyndan ilkinji gezek açyk äleme BAE-den arap astronawty Sultan Al-Neýýadi çykdy, oňa eýäm «Älemiň soltany» diýip at berdiler – diýip, Euronews habar berýär.


Belarusda gaz pudagynda zähmet howpsuzlygyny ýokarlandyrmak üçin emeli intellekti ulanyp başladylar – diýip, ýurduň Energetika ministrligine salgylanyp, BelTA habar berýär.


Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna girmek üçin halkara žurnallarynda makalalary çap etmekligiň aýratynlyklary» temasyndan ylmy maslahat boldy.


Russiýanyň Döwlet akademiki kiçi teatrynyň ýanyndaky M.S. Şepkin adyndaky Ýokary teatr mekdebi Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan ýollanma berlen türkmenistanly talyplary kabul ediş komissiýasyndan geçenden soňra okuwa kabul edýär.


Türkmenistan ýurtdaky çagalaryň we zenanlaryň ýagdaýy baradaky nobatdaky köpsanly barlagy (МИКО-7) geçirmäge taýýarlyk işlerine girişdi


Täjigistan 2023-nji ýyl üçin «Türkmenistan — Hytaý, D liniýa» gaz geçirijisiniň gurluşygy üçin daşary ýurt işçi güýjüni çekmäge kwota berer. Respublikanyň çäklerindäki işlere 2719 hünärmen gatnaşyp biler.


Türkmenistanyň wekili Maýsa Pardaýewa 28-29-njy aprelde El-Kuweýtde (Kuweýt) geçýän Aziýanyň açyk Kubogynda 57 kg çenli agram derejesinde bürünç medal gazandy.


Türkmenistanyň Ermenistandaky ilçihanasy diplomatlaryň arasynda küşt boýunça ýaryş gurnady – diýlip, bu diplomatik wekilhananyň Instagramdaky sahypasynda habar berilýär.