HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanlylar Şepkin adyndaky ýokary teatr mekdebine tölegsiz girip bilerler

Aprel 29, 2023 | 10:33 |9645
Russiýanyň Döwlet akademiki kiçi teatrynyň ýanyndaky M.S. Şepkin adyndaky Ýokary teatr mekdebi Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan ýollanma berlen türkmenistanly talyplary kabul ediş komissiýasyndan geçenden soňra okuwa kabul edýär.Russiýanyň Döwlet akademiki kiçi teatrynyň ýanyndaky M.S. Şepkin adyndaky Ýokary teatr mekdebi Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan ýollanma berlen türkmenistanly talyplary kabul ediş komissiýasyndan geçenden soňra okuwa kabul edýär.
Çeşme: mgazeta.com

Russiýanyň Döwlet akademiki kiçi teatrynyň ýanyndaky M.S. Şepkin adyndaky Ýokary teatr mekdebi Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan ýollanma berlen türkmenistanly talyplary kabul ediş komissiýasyndan geçenden soňra okuwa kabul edýär.

Giriş synaglarynyň geçirilýän ýeri Türkmen döwlet medeniýet instituty dalaşgärleriň girmek üçin resminamalaryny 2023-nji ýylyň 10-njy maýyna çenli tabşyryp biljekdiklerini ýatladýar - diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň salgysy: Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi, jaý 114.

Girmek üçin gerekli resminamalaryň sanawynda aşakdakylar bar:

– Türkmenistanyň raýatlary üçin kesgitlenen görnüşdki arza we anketa;
– Russiýa Federasiýasynyň ýokary okuw mekdebine ýollanylýan daşary ýurt raýatynyň kesgitlenen görnüşdäki anketasy;
– orta bilim hakynda attestat (asyl nusgasy) we onuň rus diline terjime edilip, notariusda tassyklanan nusgasy;
– orta hünär bilimi hakynda diplomyň goşundysy bilen (eger bar bolsa) (asyl nusgasy) we onuň rus diline terjime edilip, notariusda tassyklanan nusgasy;
– lukmançylyk kepilnamasy we onuň rus diline terjime edilip, notariusda tassyklanan görnüşi;
– soňky okuw ýerinden ýa-da iş ýerinden (harby bölümden) kepilnama;
– 3х4 ölçegdäki sekiz sany surat;
– işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan nusgasy.

Şepkin adyndaky mekdep — 1809-njy ýylda Moskwada esaslandyrylan Russiýanyň öňdebaryjy teatr ýokary okuw mekdepleriniň biridir.

Ozal türkmen ministrliginiň medeniýet we sungat ugurlary boýunça Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde 2023-2024-nji okuw ýyly üçin okamaga dalaşgärleri alýandygy habar berlipdi.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanyň Ilçisi Saud Arabystanynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Ilçisi Saud Arabystanynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

14:47 Sentýabr 02, 2026
Astana şäherinde halkara agro-senagat sergisi KazAgroFarm 2026 geçiriler

Astana şäherinde halkara agro-senagat sergisi KazAgroFarm 2026 geçiriler

14:42 Sentýabr 02, 2026
Fransuz instituty güýzki okuw möwsümine kabul edişlik yglan edýär

Fransuz instituty güýzki okuw möwsümine kabul edişlik yglan edýär

14:34 Sentýabr 02, 2026