HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Türkmenistan-Hytaý» gaz geçirijisiniň täze şahasynyň gurluşygynyň jikme-jiklikleri belli boldy

Aprel 29, 2023 | 10:14 |12197
Täjigistan 2023-nji ýyl üçin «Türkmenistan — Hytaý, D liniýa» gaz geçirijisiniň gurluşygy üçin daşary ýurt işçi güýjüni çekmäge kwota berer. Respublikanyň çäklerindäki işlere 2719 hünärmen gatnaşyp biler.Täjigistan 2023-nji ýyl üçin «Türkmenistan — Hytaý, D liniýa» gaz geçirijisiniň gurluşygy üçin daşary ýurt işçi güýjüni çekmäge kwota berer. Respublikanyň çäklerindäki işlere 2719 hünärmen gatnaşyp biler.
Çeşme: arhiwi

Täjigistan 2023-nji ýyl üçin «Türkmenistan — Hytaý, D liniýa» gaz geçirijisiniň gurluşygy üçin daşary ýurt işçi güýjüni çekmäge kwota berer. Respublikanyň çäklerindäki işlere 2719 hünärmen gatnaşyp biler.

Bu baradaky maglumat prezident Emomali Rahmon tarapyndan degişli permana gol çekilenden soňra belli boldy – diýip, Asia Plus habar berýär.

Bu mukdaryň köp böleginiň Hytaýdan gelýän hünärmenlere düşýändigini belläp geçmelidiris. Gurluşygyň işgärleriniň 70% tehniki işler bilen, 30% — administratiw işler bilen meşgullanarlar. Kwota Pekin bilen Duşenbeniň arasyndaky ylalaşygyň çäklerinde kesgitlenendir.

Täjigistanda taslamany ýerine ýetirmek üçin gerekli infrastruktura eýýäm döredildi, şol sanda umymy uzynlygy 60 km-den geçýän 42 tunnel guruldy. Taslamanyň özi Täjigistana $3 mlrd amerikan dollaryndan gowrak hytaý maýa goýumlaryny çekmäge mümkinçilik berer.

Gaz geçirijiniň täze şahasy her ýylda 30 mlrd kub metr türkmen gazyny HHR-nyň Sinszýan-Uýgur awtonom etrabynyň günorta we merkezi bölegine ibermäge niýetlenendir. Gaz geçirijisiniň uzynlygy 1 müň km golaýlaýar. Ol Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň çäginden geçer.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanyň Ilçisi Saud Arabystanynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Ilçisi Saud Arabystanynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

14:47 Sentýabr 02, 2026
Astana şäherinde halkara agro-senagat sergisi KazAgroFarm 2026 geçiriler

Astana şäherinde halkara agro-senagat sergisi KazAgroFarm 2026 geçiriler

14:42 Sentýabr 02, 2026
Fransuz instituty güýzki okuw möwsümine kabul edişlik yglan edýär

Fransuz instituty güýzki okuw möwsümine kabul edişlik yglan edýär

14:34 Sentýabr 02, 2026