HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň küşt boýunça ýetginjekler topary Aziýada ikinji orunda durýar

Aprel 30, 2023 | 21:55 |7201
Küşt boýunça dünýä çempiony kesgitlenen güni, sportyň bu görnüşinde Türkmenistanyň ýetginjekler topary hem üstünlikli netije gazandy.Küşt boýunça dünýä çempiony kesgitlenen güni, sportyň bu görnüşinde Türkmenistanyň ýetginjekler topary hem üstünlikli netije gazandy.
Çeşme: предоставлено Федерацией шахмат Туркменистана

Küşt boýunça dünýä çempiony kesgitlenen güni, sportyň bu görnüşinde Türkmenistanyň ýetginjekler topary hem üstünlikli netije gazandy.

Amanmuhammet Hommadow bilen Läle Şohradowanyň tandemi şu gün tamamlanan resmi Aziýa çempionatynda 18 ýaşa çenli kategoriýada iki adamdan ybarat garyşyk toparlaryň arasynda küşt boýunça mynasyp ikinji orny eýeledi. Yklymyň 21 ýurdundan 42 gatnaşyjyny birleşdiren bu bäsleşik 28-30-njy aprelde onlaýn ýagdaýda geçirildi.

1.jpg

Ýeňiji bolan Indoneziýanyň birinji toparyndan bary-ýogy bir nutuk yzda galan türkmen dueti, mümkin bolan 18 nutukdan 15 topar (oýun) nutugyny gazandy. Filippinlerden gelen topar 13 nutuk bilen ilkinji üçlügi ýapdy. Soňra Şri-Lanka, Eýran, Gyrgyzystan, Hindistan, Bangladeş we Malaýziýa ýaly abraýly toparlar ýerleşdi.

Aýry-aýry sanawlarda toparymyzyň birinji tagtasynda ömründe ilkinji onlaýn ýaryşyny oýnan Amanmuhammet Hommadow, mümkin bolan 9 nutukdan 7 nutuk bilen 2-nji orny eýeläp, onlaýn küşt oýunçylary üçin iň «arena-grossmeýster» –ýokary derejä eýe bolan (AGM) Filippinli Arka Kristian Žian Karlodan bir nutuk boşlugy bilen birinji setiri ýitirdi. Indoneziýaly türgen 6 nutuk bilen ilkinji üçlügi ýapdy.

2 вместе (1).jpg

Ýurdumyzyň 17 ýaşyndaky çempiony Läle Şohradowa zenanlar üçin ikinji tahtada 2-nji orny eýeledi. Ol, 7,5 nutuk bilen Indoneziýaly Laýsa Latifadan bary-ýogy ýarym nutuk bilen yza galdy. Gyzlaryň arasynda üçünjiligi Eýrandan gelen küştçi gazandy.

Bu eýýäm Läläniň onlaýn ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmeginiň ilkinji tejribesi däl. 2022-nji ýylyň iýunynda Queens Onlaýn dünýä küşt festiwalynda «B» aýratyn kategoriýada birinji orny eýeledi. Şonda Türkmenistanyň zenanlar topary toparlaýyn ýaryşda dünýäde 3-nji orna mynasyp bolupdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanyň Ilçisi Saud Arabystanynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Ilçisi Saud Arabystanynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

14:47 Sentýabr 02, 2026
Astana şäherinde halkara agro-senagat sergisi KazAgroFarm 2026 geçiriler

Astana şäherinde halkara agro-senagat sergisi KazAgroFarm 2026 geçiriler

14:42 Sentýabr 02, 2026
Fransuz instituty güýzki okuw möwsümine kabul edişlik yglan edýär

Fransuz instituty güýzki okuw möwsümine kabul edişlik yglan edýär

14:34 Sentýabr 02, 2026