HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistandan saz topary Duşenbede geçjek jaz festiwalynda çykyş eder

Aprel 29, 2023 | 14:22 |9337
«Nepesow trio» türkmen topary 28-nji aprelden 1-nji maýa çenli Duşanbede (Täjigistanda) geçjek VII Duşanbe etno-jaz festiwalyna gatnaşar.«Nepesow trio» türkmen topary 28-nji aprelden 1-nji maýa çenli Duşanbede (Täjigistanda) geçjek VII Duşanbe etno-jaz festiwalyna gatnaşar.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

«Nepesow trio» türkmen topary 28-nji aprelden 1-nji maýa çenli Duşanbede (Täjigistanda) geçjek VII Duşanbe etno-jaz festiwalyna gatnaşar.

Kompozitor, dirižýor we pianinoçy Röwşen Nepesowyň ýolbaşçylygyndaky kollektiwiň düzümine şeýle hem Aşyr Weliýew (kontrabas) we Aram Bezikýan (deprek saz gurallary) girýärler. Türkmen sazandalarynyň çykyşy 30-njy aprele meýilleşdirilýär.

VII Duşanbe halkara etno-jaz festiwaly Türkmenistandan, Özbegistandan, Gazagystandan, Fransiýadan, Germaniýadan, Italiýadan, Gresiýadan, Çehiýadan we Täjigistandan bolan meşhur jaz sazandalaryny bir meýdança ýygnar.

Festiwalyň däpleriniň biri döredijilik interpretasiýasy we festiwalyň ähli gatnaşyjylary tarapyndan «Öý işiniň» ýerine ýetirilmegidir. Bu ýyl Laýlo Şaripowanyň «Şahi Pari» täjik halk aýdymy onuň öý taýynlamasy boldy, oňa festiwalyň çeper ýolbaşçysy, sazanda we kompozitor Jasur Halilow tarapyndan başlangyç berildi.

Festiwalyň resmi saýtynyň habar bermegine görä, tomaşaçylara döredijilik duşuşyklary, etno-jaz sazy boýunça ussat-sapaklary, şeýle hem «Etno jaz-Merkezi Aziýada dialog hökmünde» temasyndan tegelek stol garaşýar.

Çäre sazandalara pikir alyşmak üçin platformany berer we ajaýyp we ruhlandyryjy saz tejribesini döretmek üçin jazy däp bolup gelýän täjik sazy bilen utgaşdyryp, olary saz hyzmatdaşlygyna we innowasiýalara ruhlandyrmaga niýetlenendir.

Duşenbedäki halkara etno-jaz festiwalynyň maksady medeniýet babatynda halkara we sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdyr we saz žanrlaryny ösdürmekdir.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanyň Ilçisi Saud Arabystanynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Ilçisi Saud Arabystanynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

14:47 Sentýabr 02, 2026
Astana şäherinde halkara agro-senagat sergisi KazAgroFarm 2026 geçiriler

Astana şäherinde halkara agro-senagat sergisi KazAgroFarm 2026 geçiriler

14:42 Sentýabr 02, 2026
Fransuz instituty güýzki okuw möwsümine kabul edişlik yglan edýär

Fransuz instituty güýzki okuw möwsümine kabul edişlik yglan edýär

14:34 Sentýabr 02, 2026