HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Kuweýtde geçirilen Aziýanyň açyk Kubogynda türkmenistanly dzýudoçy kümüş medala mynasyp boldy

Aprel 30, 2023 | 19:52 |7873
28-29-njy aprelde El Kuweýtde geçirilen Aziýanyň açyk Kubogynda türkmenistanly dzýudoçy Mämmedaly Açyldyýew 90 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medala mynasyp boldy.28-29-njy aprelde El Kuweýtde geçirilen Aziýanyň açyk Kubogynda türkmenistanly dzýudoçy Mämmedaly Açyldyýew 90 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medala mynasyp boldy.
Çeşme: unsplash

28-29-njy aprelde El Kuweýtde geçirilen Aziýanyň açyk Kubogynda türkmenistanly dzýudoçy Mämmedaly Açyldyýew 90 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medala mynasyp boldy.

Ýaryşyň çärýek finalynda türkmen türgeni filippinli Jon Wiron Ferreri ýeňdi. Ýarym final duşuşygynda bolsa oňa Günorta Koreýanyň wekili Ýuçul Kimden üstün çykmak başartdy. Jemleýji oýunda türkmen dzýudoçysy gyrgyzystanly Anarbek Işenbaýewden asgyn geldi.

Açyldyýewiň bu üstünliginiň bir gün öňýanynda Türkmenistanyň başga bir sport wekili hem milli ýygyndy toparyň medallar gaznasynyň goruny köpeltdi. Maýsa Perdäýewa 57 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medala mynasyp boldy.

Aziýanyň açyk Kubogy 27 ýurtdan 156 dzýudoçyny (116 erkek we 40 zenan) El Kuweýtde ýygnady. Bu ýaryşda Türkmenistana 14 türgen wekilçilik edýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

20:05 Awgust 03, 2026
Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

14:20 Awgust 03, 2026
Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

14:04 Awgust 03, 2026