HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýada atşynaslar bilen duşuşdy

Aprel 30, 2023 | 20:22 |8617
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýada saparda boldy hem-de ol ýerde birnäçe duşuşyklar geçirdi we bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi, tejribe alyşmak hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdy.Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýada saparda boldy hem-de ol ýerde birnäçe duşuşyklar geçirdi we bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi, tejribe alyşmak hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdy.
Çeşme: tdh.gov.tm

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýada saparda boldy hem-de ol ýerde birnäçe duşuşyklar geçirdi we bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi, tejribe alyşmak hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdy.

Saparyň çäginde Gurbanguly Berdimuhamedow atçylyk toplumyna baryp gördi we bu ýerde onuň işi bilen tanyşdy hem-de atlary ösdürip ýetişdirmegiň, tälim bermegiň milli usullaryny paýlaşdy, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we umuman atlary köpeltmegiň meselelerine üns berdi. Bu barada «Türkmenistan bu gün» saýty habar berýär.

German atşynaslary hormatly myhmany Türkmeniň bedew baýramy bilen gutladylar. Türkmenistanyň dünýäde şeýle ajaýyp baýramçylygyň döredilen we her ýyl atlaryň hormatyna uly dabaralaryň geçirilýän ýeke-täk ýurtdygy bellendi.

Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanda atçylyk pudagynyň häzirki ýagdaýy barada gürrüň berdi we ahalteke bedewiniň tohumynyň dörän ýerinde täze şäheriň gurlandygyny aýtdy. Onuň merkezinde dünýä rekordynyň eýesi meşhur Ahanyň ýadygärligi bar. Şeýle hem, ol ýerde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy we Atçylygyň ylmy-önümçilik merkezi, Döwlet atçylyk sirki döredildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow german hünärmenlerini Arkadag şäheriniň açylyşyna bagyşlanan dabaralara gatnaşmaga çagyrdy we özüniň ahalteke atlaryna bagyşlanan kitaplaryny sowgat etdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanyň Ilçisi Saud Arabystanynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Ilçisi Saud Arabystanynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

14:47 Sentýabr 02, 2026
Astana şäherinde halkara agro-senagat sergisi KazAgroFarm 2026 geçiriler

Astana şäherinde halkara agro-senagat sergisi KazAgroFarm 2026 geçiriler

14:42 Sentýabr 02, 2026
Fransuz instituty güýzki okuw möwsümine kabul edişlik yglan edýär

Fransuz instituty güýzki okuw möwsümine kabul edişlik yglan edýär

14:34 Sentýabr 02, 2026