HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen ýokary okuw mekdebinde halkara neşirlerinde makalalary neşir etmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar

Aprel 29, 2023 | 10:37 |7439
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna girmek üçin halkara žurnallarynda makalalary çap etmekligiň aýratynlyklary» temasyndan ylmy maslahat boldy.Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna girmek üçin halkara žurnallarynda makalalary çap etmekligiň aýratynlyklary» temasyndan ylmy maslahat boldy.
Çeşme: Nebit we gaz Halkara uniwersiteti

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna girmek üçin halkara žurnallarynda makalalary çap etmekligiň aýratynlyklary» temasyndan ylmy maslahat boldy.

Ylmy-ündew çäresine wideo aragatnaşyk arkaly ýurduň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Maslahatyň barşynda ýygnananlar Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň makalalaryny dünýäniň öňdebaryjy ylmy žurnallarynda çap etmek boýunça tejribesini öwrendiler.

Onuň dowamynda çykyş edenler häzirki wagtda dünýäniň ýokary okuw mekdepleriniň derejesine olaryň işleriniň birnäçe ugurlaryny göz öňünde tutup, gazananlarynyň jemleýji sanawyny alyp barýan we baha berýän birnäçe garaşsyz, meşhur we abraýly reýtingleriň bardygyny bellediler.
Bu reýtingler ýokary okuw mekdepleriniň ylmy-barlag we taslama işjeňlikleriniň seljermesini geçirip, çap edilmelerden ýokary okuw mekdepleri barada maglumatlary ýygnaýarlar.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň SCOPUS, Web of Science, ScienceDirect ýaly žurnallara makalalary taýýarlamak tejribesi barada aýtsak, uniwersitetde halypaçylyk we şägirtlik düzgüni giňden ýerine ýetirilýär.

Ýaş mugallymlara tejribeli mugallymlar we ylymlaryň kandidaty we ylymlaryň doktory alymlyk derejesi bolan alymlar ýolbaşçylyk edýärler, olara barlaglary geçirmegiň we olaryň netijeleri boýunça ylmy makalalary çap etmegiň inçe syrlaryny öwredýärler. Häzirki wagtda biziň ýokary okuw mekdebimizde 5 ylymlaryň doktory we 28 ylymlaryň kandidaty işleýärler.

Ýokary okuw mekdebiniň aspirantlary we ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine dalaşgärlik edýänler daşary ýurtlaryň halkara neşirlerinde makalalary çap etmekde işjeňlik görkezýärler. Şu ýylyň başyndan bäri halkara ylmy žurnallarda türkmen ýokary okuw mekdebiniň bilermenleriniň ylmy barlaglaryň dowamynda taýýarlanylan 140-dan gowrak ylmy makalalary çap edildi.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanyň Ilçisi Saud Arabystanynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Ilçisi Saud Arabystanynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

14:47 Sentýabr 02, 2026
Astana şäherinde halkara agro-senagat sergisi KazAgroFarm 2026 geçiriler

Astana şäherinde halkara agro-senagat sergisi KazAgroFarm 2026 geçiriler

14:42 Sentýabr 02, 2026
Fransuz instituty güýzki okuw möwsümine kabul edişlik yglan edýär

Fransuz instituty güýzki okuw möwsümine kabul edişlik yglan edýär

14:34 Sentýabr 02, 2026