

Türkmenistanyň kazylary wezipä bellendi
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň çarşenbe güni geçirilen nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow kazylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Permana gol çekdi.


Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň çarşenbe güni geçirilen nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow kazylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Permana gol çekdi.


Türkmenistanyň Russiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň ilçileriniň RF-iň Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşyga daşary ýurtlaryň Russiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň, Tatarystan Respublikasynyň Hökümetiniň, Musulmanlaryň din işleri boýunça müdirliginiň, şeýle hem beýleki dini birleşikleriň wekilleri gatnaşdylar.


2024-nji ýylyň 6-njy martynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow bilen Iwane Jawahişwili adyndaky Tbilisi döwlet uniwersitetiniň rektory Jaba Samuşiýanyň arasynda duşuşyk geçirildi.


Brýusseldäki Türkmenistanyň ilçihanasy tarapyndan açylan Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen şygyr okamak ýaryşy ýewropaly diplomatlaryň ünsünden düşmedi.


Lançžou uniwersitetiniň Türkmenistan boýunça ylmy-barlag merkeziniň professory Wan Şihaý türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Antalýa Diplomatiýa forumynda eden çykyşyny hytaý diline terjime etdi.


«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň mejlisler zalynda Halkara zenanlar güni mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan güneşli Diýarymyzyň durmuşynyň bezegi bolan zenanlara pul sowgatlary hem-de gül çemenleri dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.


Sişenbe güni Merkezi Aziýa döwletleriniň Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilleri Guramanyň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşdylar.


Prezident Serdar Berdimuhamedow 5-nji martda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Helga Şmidi kabul etdi.


3-nji martda Owganystanyň senagat we söwda ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Alhaj Nuruddin Aziziniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna baryp gördi. Bu barada “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi habar berýär.


Sessiýa öz işini 10-njy marta çenli dowam eder.


Aşgabatdaky Amerikan merkezinde we Daşoguz, Mary we Türkmenabat şäherleriniň Amerikan burçlarynda “Zenan telekeçiler akademiýasy” (AWE) maksatnamasy başlady. Türkmenistanyň Ykdysatçylar Birleşmesi bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýän AWE telekeçi aýal-gyzlara üstünlikli iş alyp barmak üçin zerur bilimleri, aragatnaşyklary we elýeterliligi üpjün etmäge gönükdirlen ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň maksatnamasydyr.


Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa ekologiýa boýunça sebit maslahatyna gatnaşmak üçin Aşgabada sapar bilen gelen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Helga Şmid bilen duşuşdy.


Aşgabatda geçirilýän owgan harytlarynyň sergisi bilen tanyşlygynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanyň senagat we söwda ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Alhaj Nuruddin Aziziniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy.


Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu günler Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýän owgan harytlarynyň sergisine baryp gördi.


«Türkmenaragatnaşyk» agentligi 4 – 6-njy marty aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýän owgan harytlarynyň sergisine hem-de Türkmen-owgan işewürler maslahatyna gatnaşýar.