HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýda halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň 2-nji sessiýasy açyldy

Mart 05, 2024 | 16:28 |4663
Sessiýa öz işini 10-njy marta çenli dowam eder.Sessiýa öz işini 10-njy marta çenli dowam eder.
Çeşme: russian.china.org.cn

Pekin şäherindäki Halk ýygnagy öýünde halk wekilleriniň 14-nji çagyrylyşynyň Ählihytaý ýygnagynyň 2-nji sessiýasy açyldy. Ol Hytaýyň iň ýokary kanun çykaryjy edarasydyr.

Si Szinpin we beýleki partiýa hem-de döwlet ýolbaşçylary sessiýanyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar. Onuň işine 3 müňe golaý deputat gatnaşýar.

Sessiýanyň açylyş dabarasynda Döwlet geňeşiniň Premýeri Li Sýan Hökümetiň ýerine ýetiren işi barada hasabat bilen çykyş etdi.

Halk wekilleriniň 14-nji çagyrylyşynyň Ählihytaý ýygnagynyň 2-nji sessiýasynda Hökümetiň ýerine ýetiren işleri baradaky hasabatda beýan edilen esasy maglumatlar şulardan ybaratdyr:

Jemi içerki önümiň ösüş görkezijisini 5 göterimde saklamak maksat edilýär;

Şäherlerde we şäherçelerde ilatyň iş üpjünçiliginiň ýokarlanmagy: 12 million adamdan gowrak;

Jemi içerki önüm bilen gatnaşykda býujet ýetmezçiligi: 3 göterim;

Ýerli häkimiýetleriň maksatnamalaýyn bergisi: 3,9 trillion ýuan;

Ýokary uzak möhletli ýörite döwlet borçnamalaryny çykarmak;

“Emeli intellekt +” atly Hereketleriň meýilnamasyny durmuşa geçirmek;

Özgerdiji we öňdebaryjy tehnologiýalary işläp taýýarlamagy işjeňleşdirmek;

“Sarp edişi sazlaşdyrmagyň ýyly” maksatnamasynyň çäklerinde çäreleri utgaşdyrmak;

Merkezi býujetden goýberiljek maýa goýumlar: 700 milliard ýuan;

Içerki islegleri giňeltmek;

Daşary ýurt maýalarynyň hasabyna esaslandyrylan kärhanalar üçin milli düzgünleri ornaşdyrmak;

“Ýuwaşummanüsti hyzmatdaşlygy hakynda hemmeleri öz içine alyjy we ösüş ylalaşygyna” goşulyşmak işlerine itergi bermek;

Daşarky dünýä açyklygy ýokary derejede giňeltmek;

Gozgalmaýan emläk töwekgelçiligi, kiçi we orta maliýe guramalary bilen ýerli hökümet karz borçnamalary bilen baglanyşykly töwekgelçilikleri çözmek;

Milli howpsuzlygy we durmuş durnuklylygy üpjün etmek;

Energetika öwrülişigi ilerletmek;

“Garaşsyz Taýwanyň” tarapdarlarynyň bölüji hereketlerine garşy çykyş etmek we daşarky güýçleriň gatyşmagyna garşy berk durmak;

Halkara gatnaşyklarynda deňligi we adalaty goldamak;

Sessiýa öz işini 10-njy marta çenli dowam eder.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026