HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen halkynyň Milli Lideri owgan harytlarynyň sergisine baryp gördi

Mart 05, 2024 | 13:04 |5195
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu günler Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýän owgan harytlarynyň sergisine baryp gördi.Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu günler Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýän owgan harytlarynyň sergisine baryp gördi.
Çeşme: tdh.gov.tm

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu günler Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýän owgan harytlarynyň sergisine baryp gördi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow sergi bilen tanyşlygy Owganystanyň gurluşykda we bezeg işlerinde ulanylýan daşlary gazyp alýan kompaniýasyna degişli diwarlyklary synlamakdan başlady. Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzyň gözel künjekleriniň birinde häzirki zamanyň ýokary halkara görkezijileri esasynda Arkadag şäheriniň bina edilendigini we täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda döwrebap önümçilik enjamlaryna, gurluşyk serişdelerine uly gyzyklanma bildirilýändigini belläp, türkmen tarapynyň owgan kompaniýalarynyň bu işe gatnaşmagy we olaryň hödürleýän teklipleriniň öwrenilmegi bilen baglanyşykly meselelere garamaga taýýardygyny aýtdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow dürli ugurlar boýunça görkezilýän harytlar bilen tanyşlygyň dowamynda goňşy ýurtda öndürilen önümler, halylar, şaý-sepler, gurluşyk harytlary, hojalyk we senagat himiýasy ýaly ugurlaryň mümkinçiliklerini synlady. Şeýle-de bu ýerde Owganystanda ösdürilip ýetişdirilýän gök, miwe we azyk önümleri görkezilýär. Sergide ýaýbaňlandyrylan önümleriň görnüşleri, goňşy ýurduň gaýtadan işleýän senagatynyň mümkinçilikleri, Owganystanyň durmuş düzümine, söwda toplumyna degişli önümçilik kuwwatlyklary baradaky gymmatlyklar degişli ugurlaryň ösüşini görkezýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow goňşy ýurduň önümçilik kuwwatlyklaryna, dürli görnüşli harytlaryň önümçiligine we degişli ugurlardaky gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerine bagyşlanan serginiň halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde möhüm orun eýeleýändigini belläp, şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilmeginiň oňa gatnaşýan ýurtlar üçin ähmiýetlidigine ünsi çekdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

01:02 Awgust 26, 2026
Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

01:00 Awgust 26, 2026
Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

00:06 Awgust 26, 2026