HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ABŞ-nyň Ilçihanasy we Ykdysadçylar Birleşmesi Türkmenistanda “Zenan telekeçiler akademiýasyny” başladýarlar

Mart 05, 2024 | 15:23 |19587
Aşgabatdaky Amerikan merkezinde we Daşoguz, Mary we Türkmenabat şäherleriniň Amerikan burçlarynda “Zenan telekeçiler akademiýasy” (AWE) maksatnamasy başlady. Türkmenistanyň Ykdysatçylar Birleşmesi bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýän AWE telekeçi aýal-gyzlara üstünlikli iş alyp barmak üçin zerur bilimleri, aragatnaşyklary we elýeterliligi üpjün etmäge gönükdirlen ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň maksatnamasydyr.Aşgabatdaky Amerikan merkezinde we Daşoguz, Mary we Türkmenabat şäherleriniň Amerikan burçlarynda “Zenan telekeçiler akademiýasy” (AWE) maksatnamasy başlady. Türkmenistanyň Ykdysatçylar Birleşmesi bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýän AWE telekeçi aýal-gyzlara üstünlikli iş alyp barmak üçin zerur bilimleri, aragatnaşyklary we elýeterliligi üpjün etmäge gönükdirlen ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň maksatnamasydyr.
Çeşme: ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy

Aşgabatdaky Amerikan merkezinde we Daşoguz, Mary we Türkmenabat şäherleriniň Amerikan burçlarynda “Zenan telekeçiler akademiýasy” (AWE) maksatnamasy başlady. Türkmenistanyň Ykdysatçylar Birleşmesi bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýän AWE telekeçi aýal-gyzlara üstünlikli iş alyp barmak üçin zerur bilimleri, aragatnaşyklary we elýeterliligi üpjün etmäge gönükdirlen ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň maksatnamasydyr.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi Mettýu Klimow we Türkmenistanyň Ykdysatçylar Birleşmesiniň ýolbaşçysy Ýuriý Aronskiý Aşgabatda geçirilen dabara gatnaşdylar. Ilçi Klimow öz çykyşynda şeýle belledi: “Şu ýyl Türkmenistanyň AWE gatnaşýan 100-den gowrak ýurda, türkmen aýal-gyzlarynyň bolsa dünýä boýunça bu maksatnama gatnaşan 25,000-den gowrak zenanlaryň hataryna goşulýandygyna begenýäris. Bu maksatnama, gender deňligine we ykdysady mümkinçilikleriň giňeldilmegine bolan ygrarlylygymyzyň subutnamasydyr. Dogry goldaw we çeşmeler bilen ykdysadyýeti üýtgedip, jemgyýetleri ösdürip we geljekki nesillere ylham berip biljek zenan telekeçileriň ulanylmadyk potensialyna bolan ynanjymyzyň aýdyň beýanydyr.” Jenap Aronskiý şeýle belledi: “Türkmenistanda zenan telekeçiligi goldamaga gönükdirilen AWE maksatnamasy, ähli telekeçiligiň we milli innowasiýa ykdysadyýetiniň ösmegine goşant goşýan işewürlik üçin möhüm tapgyrdyr!"

Öňümizdäki aýlarda, maksatnama gatnaşyjylar Arizona Döwlet Uniwersitetiniň “Thunderbird” Bütindünýä Dolandyryş Mekdebi tarapyndan işlenip düzülen onlaýn işewürlik kursuny tamamlarlar, hepdelik şahsy sapaklara gatnaşarlar we biznes meýilnamasyny düzerler. Soňra bu meýilnamalar 2024-nji ýylyň iýun aýynda Aşgabatda meýilleşdirilýän jemleýji çärede görkeziler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin şäheriň merkezindäki restoranda bolan partlamany «wagşyçylykly terrorçylykly hereket» diýip atlandyrdy

Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin şäheriň merkezindäki restoranda bolan partlamany «wagşyçylykly terrorçylykly hereket» diýip atlandyrdy

19:30 Awgust 04, 2026
Ormuz bogazy arkaly gämi gatnawy düýpli azaldy

Ormuz bogazy arkaly gämi gatnawy düýpli azaldy

18:00 Awgust 04, 2026
Özbegistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz ýurtlaryň hataryna girdi

Özbegistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz ýurtlaryň hataryna girdi

17:52 Awgust 04, 2026