HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi owgan harytlarynyň sergisine hem-de Türkmen-owgan işewürler maslahatyna gatnaşýar

Mart 04, 2024 | 17:41 |7625
«Türkmenaragatnaşyk» agentligi 4 – 6-njy marty aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýän owgan harytlarynyň sergisine hem-de Türkmen-owgan işewürler maslahatyna gatnaşýar.«Türkmenaragatnaşyk» agentligi 4 – 6-njy marty aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýän owgan harytlarynyň sergisine hem-de Türkmen-owgan işewürler maslahatyna gatnaşýar.
Çeşme: «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan berildi

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi 4 – 6-njy marty aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýän owgan harytlarynyň sergisine hem-de Türkmen-owgan işewürler maslahatyna gatnaşýar.

Ata-Watanymyzda durmuş-ykdysady ösüş babatdaky wezipeler göz öňünde tutulyp, Ýer ýüzüniň döwletleri bilen ýakyn gatnaşyklar ýola goýulýar.

Bu geçirilýän sergi we maslahat hem Türkmenistany senagatlaşdyrmaga, ykdysadyýetiň ýokary tehnologiýaly pudaklaryny ösdürmäge, önümçilige innowasiýalary we öňdebaryjy işläp taýýarlamalary ornaşdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär.

Serginiň çäklerinde ýurdumyzyň aragatnaşyk, telekommunikasiýalar hem-de maglumat tehnologiýalar ulgamynda gazanan uly üstünlikleri «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň sergi meýdançasynda aýdyň beýanyny tapdy.

Türkmen-owgan işewürler maslahatynda çykyş eden «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň wekilleri Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Serhetabat – Gerat, Kerki – Akina ugurlary boýunça halkara optiki-süýümli magistral aragatnaşyk ulgamlarynyň sebitara ähmiýeti barada durup geçdiler.

Şeýle hem, sanly ykdysadyýeti ösdürmek, hyzmatlar ulgamyny hem-de maglumat serişdelerine elýeterliligi giňeltmek, hemra, ykjam we elektron aragatnaşyk ulgamlaryny has-da kämilleşdirmek barada çykyşlar edildi.

Garaşsyz Türkmenistan halkara giňişlikde netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine we ösdürilmegine mynasyp goşant goşýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Melaniýa Tramp dünýä derejesindäki çagalar başlangyjyna tehnologiýa ägirtlerini we 57 ýurdy çekdi

Melaniýa Tramp dünýä derejesindäki çagalar başlangyjyna tehnologiýa ägirtlerini we 57 ýurdy çekdi

10:42 Sentýabr 24, 2026
Si Szinpin ABŞ-a döwlet sapary bilen geldi, ony Tramp garşylady

Si Szinpin ABŞ-a döwlet sapary bilen geldi, ony Tramp garşylady

07:00 Sentýabr 24, 2026
Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

18:06 Sentýabr 23, 2026