HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Owgan wekiliýeti Türkmenbaşy halkara deňiz portuna baryp gördi

Mart 05, 2024 | 19:18 |5063
3-nji martda Owganystanyň senagat we söwda ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Alhaj Nuruddin Aziziniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet  Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna baryp gördi. Bu barada “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi habar berýär.3-nji martda Owganystanyň senagat we söwda ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Alhaj Nuruddin Aziziniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet  Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna baryp gördi. Bu barada “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi habar berýär.
Çeşme: tmrl.gov.tm

3-nji martda Owganystanyň senagat we söwda ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Alhaj Nuruddin Aziziniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna baryp gördi. Bu barada “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi habar berýär.

Saparyň dowamynda wekiliýet agzalary Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň we onuň terminallarynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdylar. Hususan-da, olary üstaşyr ýükler üçin ýörüte gümrük tertibi bilen tanyşdyrdylar. Bu tertibe laýyklykda, üçünji taraplara harytlaryň üstaşyr eksporty üç ýyla çenli möhlet bilen gümrük pajy alynmazdan amala aşyrylýar.

Owgan wekiliýetiniň ýolbaşçysy terminalyň sowadyjy konteýnerler ammaryny üns bilen synlady hem-de owgan gök önümleriniň we gury iýmişleriniň saklanyş şertleri bilen gyzyklandy.

Şeýle hem saparyň dowamynda myhmanlar “Balkan” gämi gurluşyk zawodynyň mümkinçilikleri, gämilerde geçirilýän abatlaýyş işleri bilen tanyşdyryldy.

Owganystanyň senagat we söwda ministriniň wezipesini ýerine ýetirijisi Türkmenistanyň deňiz ulag infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alyp barýan işine ýokary baha berdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026